TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Gutly Gulnazarowiç Goşaýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gulluk itşynaslygy merkeziniň 1-nji bölüminiň kiçi gözegçisi-itşynasy Hydyr Işanberdiýewiç Rasulowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.