TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we türkmen halkyna iberen mähirli Gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda zamanany şöhratlandyryjy beýik maksatly, ýokary derejede alyp baran işleri netijesinde, halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryna, toý-baýramlaryna, milli däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna örän uly sarpa goýlup, olaryň halkara derejede dabaralandyrylmagyna giň ýol açyldy. Türkmenistan halkara festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň, forumlaryň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Muňa, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň baştutanlygyňyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky öz bagtyna diýseň buýsanýar. Çünki Siziň berkarar ýurtda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, zähmet we durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmekde, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, dünýä halklary bilen hoşniýetli, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryňyz çäksizdir.

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!

Tohum arassalygyny saklap gelen ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz, ýyndam tazylarymyz ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýyny hem-de hüşgärligi, duýgurlygy, ýyndamlygy bilen tapawutlanýan türkmen tazylaryny ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen, 2020-nji ýylda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we soňra onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, dürli ýurtlaryň wekilleriniň onuň agzalygyna kabul edilmegi halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» ýaly hormatly atlaryň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medalyň döredilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly gymmatly kitabynyň we adybir goşgusynyň halkymyza gowuşmagy türkmeniň milli gymmatlyklaryna ýurt derejesinde goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez ylhamyndan, jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabynyň hünärmenlere, alymlara juda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini belläp geçmek diýseň buýsançlydyr. Kitapda wakalar örän çeper we sada dilde beýan edilýär. «At — myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum» ýaly pähimler türkmen halkynyň bedewinde myradyny, alabaý itinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki halkymyzyň wepaly dosty we ynamdar syrdaşy, goragçysy hasaplanýan bu gymmatlyklaryň gadymylygyny, batyrlygyny, duýgurlygyny, edermenligini, akyllylygyny, wepalylygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň tagallalaryňyz bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi, akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy boýunça beýleki it tohumlaryndan has tapawutlanýan türkmen alabaýlarynyň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip, nesillerden-nesillere geçiriljekdigini aňladýar. Şonuň bilen bir hatarda, dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky alabaý itleriniň muşdaklary bilen hyzmatdaşlykda bolmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaý itleriniň it tohumlarynyň arasynda iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň şekiliniň kabul edilmegi türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Size ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we türkmen halkyna iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiziň mydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhraty asyrlardan-asyrlara ýaň salsyn!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşyjylar.