TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýynyň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy nygtalýar. Ençeme asyrlaryň dowamynda alabaýlar türkmen topragynda ýetişdirilipdir we häzirki wagtda özleriniň aýratynlyklary netijesinde umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Olar dünýäde giňden belli bolup, itleriň köp sanly tohumlarynyň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Türkmen alabaýlary özleriniň wepalylygy, edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Bu täsin tohumy ýetişdirmek we mundan beýläk-de kämilleşdirmek bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr.

Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu baýram bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)