Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22 — 24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de bu forumyň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredip beren şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen forumyň işiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi nebitgaz pudagynyň ýerli hem-de daşary ýurt düzümleriniň, abraýly halkara guramalaryň, dünýä döwletleriniň daşary ykdysady we energetika edaralarynyň, maliýe we hyzmatlar ulgamynyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.
«Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» diýen şygar astynda geçen halkara forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň häzirki ýagdaýy, ösüşi we üstünlikleri bilen tanyşdylar. Forumyň çäklerinde ählumumy energetikanyň ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän orny, energiýa howpsuzlygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek, metan gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak, Türkmenistanda amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy hem-de onuň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisini durmuşa geçirmek, «Galkynyş» gaz känini, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, ulanyşdaky nebitgaz ýataklarynyň uglewodorod gorlarynyň çykarylyşyny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak babatdaky taslamalara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly çykyşlar diňlenildi. Halkara foruma gatnaşyjylar dünýäde iri energetika döwleti hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň, geljegi uly meýdanlarda nebitiň we gazyň gözleg-barlag işlerinden başlap, tä iberilmegine çenli ähli iş tapgyrlarynda çykdajylary azaltmagyň, önümçilige ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, täze önümçilik desgalaryny gurmagyň, energiýa serişdeleriniň ygtybarly, netijeli geçirilmegini üpjün etmegiň meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny we ýollaryny kesgitlemek boýunça özara pikir hem-de tejribe alyşdylar. Üç günläp dowam eden forumyň çäklerinde pudak üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, sanly sowatlylyk, emeli aňyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly pikir alyşmalara aýratyn orun berildi.
Türkmenistanyň belent mertebeli Prezidenti!
Dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň, işewürleriniň, maýadarlarynyň, maliýe guramalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly gyzyklanma bildirmegi aýdyň sebäplere esaslanýar. Çünki Siziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalaryňyz esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy durnuklylygy, ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşi, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegi deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösdürilmegine maýa goýmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin oňaýly şertleriň we kepillikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Aşgabat şäherinde 30-njy gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işini üstünlikli tamamlamagy bilen Sizi ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan asylly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany gülledip ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank