TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Bilim röwşen geljegimiziň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça ylma-bilime daýanyp, giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde bilim ulgamy döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar.

Ýurdumyzda bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamy işjeň ornaşdyrylýar. Ylym-bilim barada hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar».

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi, sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn ähmiýet berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Kuwwat HOJALYÝEW,
Magtymguly etrabynyň 11-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.