TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan asylly işleriň depginleriniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň ýokary ekologik derejesi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde täze şäheriň gün-günden gözelleşmegine oňyn täsirini ýetirýän giň möçberli işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.

Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.

Türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatda zähmet çekýän telekeçi bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde ýer böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen, türkmen arçasynyň dürli görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň etraplarynda ekilýändigini uly buýsanç bilen belleýärler. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny has-da rowaçlandyrýar, bu ugurda iş alyp barýan hususyýetçileri hemmetaraplaýyn goldaýar.

Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň binalarynda alnyp barylýan işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary hilli bolmagy, önümçilik galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm talap bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäherinde häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalaryň gurluşyk ýerine tarap ugrady.

Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň teklip edilýän binalarynyň şekil taslamalaryny synlady. Binalarda işleri sazlaşykly alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir we toplumyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi awtoulaglara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň muzeýiniň içki bezeg işlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Muzeýiň enjamlaşdyrylyşy, onda ýola goýuljak hyzmatlar bu ýere gelýänlerde oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Umuman, täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir we gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilmelidir.

Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýokary ekologiýa ýagdaýynyň saklanmalydygyny aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça durmuş maksatly, ýol-ulag düzümine degişli desgalarda we beýleki ugurlarda ulanylýan, halkara derejede ykrar edilen reňkleriň görnüşleri, olary ulanmagyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede ykrar edilen reňkleri synlap, olaryň degişli ugurlarda ulanylmagy teklip edilýän görnüşlerini seljermegiň ähmiýetlidigini belledi. Soňra reňkleriň saýlanyp alnan görnüşleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlener. Olaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanmagy bilen, her ugra mahsus görnüşleri işjeň ulanylar.

Gahryman Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň bezegleriniň, ýolýakalardaky germewleriň, yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň hersiniň mahsus reňkler bilen bezelmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, saýlanyp alnan reňkler ýagyş-ýagmyra, Gün şöhlesiniň täsirine çydamly bolmalydyr. Olaryň uzak möhletleýin kadalara laýyk gelmegi möhüm talap bolup durýar.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyndaky depginli işler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäklerinde meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryna badalga bermek üçin Owganystanda saparda bolan mahalynda owgan doganlarymyzyň — ýertitreme zerarly jaýsyz galan raýatlaryň hemaýata mätäçligi sebäpli haýyş bilen ýüzlenendiklerini belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa bu babatda teklipleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, bu meselede Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen maslahatlaşyp, «Kyýamat güni goňşudan» diýlişi ýaly, owgan halkyna dostluk goluny uzatsak, hemaýatlarymyzy bersek maksadalaýyk bolar diýdi.

Gahryman Arkadagymyz şeýle edilse türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we haýyrly işleriň goňşy halka goldaw bermekde öz beýanyny tapjakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halky taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary döredipdirler, olaryň häzirki döwürde dowam etmegi bolsa sogap işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, bu çäräni ýokary derejede geçirmäge döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol öňde boljak çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän işler barada habar berdi.

Ählihalk bag ekmek dabarasy ýaly sogap işiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, oňa uludan-kiçä ähli ilatyň işjeň gatnaşmagy dabaranyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şol bir wagtyň özünde, bu künjegiň howa gurşawynyň ýakymly bolmagynda, ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen iş maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde köpçülikleýin gurluşyk işleri bilen bir hatarda, türkmen halkyna mahsus asylly işleriň ýokary derejede alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Munuň özi ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik we sahawatly topraga bolan söýgi esasynda terbiýelenmeginde ähmiýetlidir.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda bina edilýän desgalaryň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäheriň ähli çäkleriniň, ýollarynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi babatda degerli maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.