
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Müsürde Türkmenistan bilen köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilip, dostlukly halklarymyza özara bähbit getirjekdigine ynanýaryn.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Prezident, Size abadançylyk we mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmak, dostlukly türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Bruneý Darussalam bilen Türkmenistan özara hormat goýmaga hem-de ynanyşmaga esaslanýan mähirli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam edýärler.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Haji Hassanal BOLKIAH,
Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Dominikan Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Şonuň bilen birlikde, Siziň beýik halkyňyza abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
Luis ABINADER,
Dominikan Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki ýurduň we halkyň bähbidine hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.