
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrýan uly taslamalary we tutumly işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk köprülerini döredýän we gurýan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar. Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan sebit, yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir. Döwletimiz ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. Ýurdumyzyň çäginde gurlan we gurulýan awtomobil, demir ýollary halkara ulag geçelgelerine birleşýär. Täze döredilen howa we deňiz gatnaw ugurlary yklymlary bitewi ykdysady gatnaşyklar ulgamyna birikdirmäge ýardam berýär.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat emele geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagtynda 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilen senesini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmegi ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli maslahaty, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparyňyzyň çäklerinde iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etmegiňiz hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki çykyşyňyzda halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň möhümdigi barada aýdanlaryňyz, şeýle-de bilelikdäki ulag-logistik merkezleri döretmek baradaky başlangyçlaryňyz ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny täze derejelere çykarmaga ýardam edýär.
2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy bolsa döwletimiziň ulag diplomatiýasyndaky nobatdaky üstünligidir.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň TRACECA Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde we ýeňilleşdirmekde, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda RECCA VII forumynyň çäklerinde Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi sebitiň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy waka öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan durnukly ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistandan gözbaş alyp, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlara dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen nobatdaky ýokary bahadyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.