TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, döwrüň wajyp meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär. Bu ähmiýetli waka hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň, döwletimiziň dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýandygynyň ykrarnamasy boldy. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly waka bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly waka bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)