Ruhubelent ýaşlar — Watan daýanjy
Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen möhüm ymaratlar, ajaýyp binalar, ýaşaýyş jaýlary, ýokary we orta hünär, umumy bilim berýän mekdepler, çagalar baglary, medeniýet öýleri, sport desgalary, saglygy dikeldiş we goraýyş edaralary gurlup ulanylmaga berildi. Aşgabat, Arkadag şäherleri binagärligiň we dizaýner sungatynyň kämilliginiň asyl nusgasy bilen dünýä ýaň saldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim özgertmeleriniň taýsyz tagallalary netijesinde biz — talyp ýaşlara öz ukyp-başarnygymyzy dünýä ýaýmaga, tejribe almaga giň mümkinçilikler döredildi. Ýaşlarymyz medeniýet, sport, sungat, ylmyň dürli ugurlary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşýar. Bu bolsa dürli halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna hem ýardam edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmegine, olaryň durmuş derejesiniň häzirki zaman ölçeglerine laýyk kybaplaşdyrylmagyna, Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň has hem gözelleşdirilmegine netijeli täsir edýän uly işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli paýtagtymyzda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze orta mekdepleriň we çagalar baglaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi diňe bir bilim işgärlerini däl, eýsem, tutuş halkymyzy guwandyrdy. Ak mermerli paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen täze bilim ojaklary ýaşlara bilim bermek bilen çäklenmän, ýokary hil derejesi, dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi bilen aýratyn tapawutlanyp, ýurdumyzda binagärligiň ösen derejesini aýdyň görkezýär. Şeýle ajaýyp binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Bagtyýar ýurtda bagtly zamana buýsanyp ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Rejep ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank