TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, şeýle hem bu çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Siziň baştutanlygyňyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda hem-de olary ýok etmekde, saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly derejede üpjün etmek, ýörite bilimli, ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlaryň sagdyn bolmagyny gazanmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksadydyr. Siziň baştutanlygyňyzda Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Siz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşyňyzda halkyň saglygynyň, abadan we bagtyýar durmuşynyň alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediňiz. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda ilata dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Bularyň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygynyň güwäsidir.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli künjeklerinde dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Bu hünär baýramy saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri wagyz etmekde, olary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň, dürli çäreleriň, açylyş dabaralarynyň geçirilmegi baýramçylygyň şatlygyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygy bolsa bu ugurda gazanylanlary wagyz etmäge, halkara tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döredýär. Şunda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda ýurtda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikler, ähli şertler döredilýär. Şunda goldawa mätäç çagalara aýratyn uly üns berilýär. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi tarapyndan işler yzygiderli alnyp barylýar. Gazna döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, haýyr-sahawat işiniň dabaralanmagyna saldamly goşant goşýar. Siziň adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, asylly ýörelgeleri özünde jemleýän gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryňyza halkyň hoşallygy çäksizdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ýurtda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tutuş Türkmenistan boýunça döwrebap saglyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman senagaty kärhanalary gurulýar. Ilatyň saglygyny berkitmek, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň we Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylmagy, 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüniň tutulmagy halkyň saglygynyň bähbidine gönükdirilen beýik işlerdir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň oýlanyşykly syýasatyňyz netijesinde sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kämil nusgasy döredilip, giň gerimli telelukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde, obalarda sagaldyş toplumlary, seýilgähler gurlup, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ylmyň häzirki ösen döwründe lukmançylyk ylymlary ösdürilýär we ylmy garaýyşlar yzygiderli beýan edilýär. Ýurduň ýokary depginler bilen ösmegi derman senagatynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýalary ulanmaga, ilaty ýokary hilli ýerli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ilaty ýokanç kesellerden goramak, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatda-da guwandyryjy üstünlikler gazanylyp, bu ugurdaky işler halkara derejede ykrar edilýär.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatda dünýä lukmançylyk ylmynyň ösüşi, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň innowasion usullary, saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda hünärmenleriň özara tejribe alyşmaklary babatda beýan edilen täzeçe garaýyşlar, halklaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar, şeýle hem maslahatyň çäklerinde guralan, ýurduň saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda we lukmançylyk ylmynda gazananlaryna bagyşlanan sergi, geljegiň şäheri hasaplanýan Arkadag şäherinde geçirilen çäreler biziň kalbymyzda unudylmajak täsirleri galdyrdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi bilen daşary ýurtly alymlaryň özara tejribe alyşmagyna ýardam beren, häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary babatda pikir we tejribe alyşmagyň täzeçil ugurlaryna bagyşlanan halkara serginiň we ylmy maslahatyň geljekde-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriňdir halklaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi, Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda, lukmançylyk ylmynda gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda berýän goldaw-hemaýatlaryňyz, döredýän giň mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiz elmydama rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar.