Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlary hormatly Prezidentimizi paýtagtymyzy ösdürmekde bitiren uly hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň şäher gurluşygyna goşýan ägirt uly goşandyna ýokary baha berlendigi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy bu şanly waka mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow gutlaglaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, dünýä tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy nygtalýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadan durmuşy barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank