Resmi habarlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilatymyza edilýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2029-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilatymyza edilýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, olara öňdebaryjy tilsimatlara, lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlar we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
“Diplomatik gulluk hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
***
Ýurdumyzda maliýe bazarynyň has-da ösdürilmegini gazanmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, döwrebap maliýe gurallaryny ornaşdyrmak, maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek hem-de bu ulgamda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron hökümet ulgamyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Konsepsiýada bellenen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynda we halkara jemgyýetçilikde barha rowaçlyklara beslenýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, halkara gatnaşyklarda toplanan baý tejribe esasynda ata Watanymyzyň ylalaşyklylygyň hem-de dostlugyň merkezine öwrülendigini görkezmek, millilige ýugrulan, kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini gazanmak maksady bilen, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berlen tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de bu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank