Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Bismillähir-rahmanir-rahim!
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgeleriniň arasynda öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek aýratyn orun eýeleýär. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň, şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde has-da dabaralanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan ynsanperwer ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär.
Sarpasy belent Gahryman hajy Serdarymyz!
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda — Hatyra gününde Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, eziz Diýarymyzyň ähli obadyr şäherlerinde ýatlama çäreleri geçirilýär. Agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan Hatyra gününde häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň, dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegi Gudraty Güýçli Beýik Biribardan dileg edilýär. Bularyň ählisi Siziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryňyzdan ugur alyp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi babatda yzygiderli alada edilýändigini, jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň, milli däplerimiziň esasynda kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň öňde goýlan belent maksatlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, berkarar Watanymyzyň dünýäde durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmeginde möhüm orna eýedir. Bu gün ýurdumyzy hemmetaraplaýyn has-da ösdürmek babatda deňi-taýy bolmadyk işler amala aşyrylýar. Röwşen geljegimiziň hatyrasyna durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan üstünlikler, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň has-da artmagy Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň aýdyň beýany bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar.
Siziň halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanýan syýasatyňyz eziz Watanymyzyň beýik geljegini nazarlamak bilen, jemgyýetçilik durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýar, nesillerde ýokary ahlak häsiýetlerini kemala getirýär. Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan tutumly işleriňiz, ýokary ahlaklylyga, wyždan päkligine esaslanýan gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, ynsanperwer ýörelgelerimize goýýan belent sarpaňyz üçin, Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Size alkyşlarymyz çäksizdir. Siziň alyp barýan syýasatyňyzyň esasy ýörelgesi adam, jemgyýet we döwletdir. Siziň baştutanlygyňyzda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat, etrap merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherdir obalar gurulýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda çüýşe önümlerini öndürýän döwrebap önümhananyň, durky täzelenen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň, Ahal welaýatynda Döwletli mekan hem-de Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynda Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, has belent wezipeleri kesgitlediňiz. Siziň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýginiň, ýurdumyzyň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynamyň, gurmaga hem-de döretmäge bolan höwesiň, depginli ösüşi üpjün etmek isleginiň pugta orun alandygy baradaky: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýen buýsançly sözleriňiz, eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi we beýik geljegimiz hakyndaky arzuwlaryňyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara ähmiýetli başlangyçlaryňyz tutuş jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyz, Siziň hem-de Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli sadaka bermegiňiz tutuş halkymyz bilen birlikde, biz — dindarlary diýseň begendirdi.
Hormatly Gahryman hajy Serdarymyz!
Mukaddes Watan topragyny goramak ugrunda alnyp barlan söweşlerde, Beýik Watançylyk urşunda, şonuň ýaly-da, 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan ata-babalarymyzy ýatlap, eziz Watanymyzyň berkararlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin okalýan aýatlar, edilýän doga-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, şehit bolan watandaşlarymyzyň ýatan ýerleri ýagty, imanlary hemra bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir künjeginde olaryň ruhlaryna bagyşlanyp okalýan aýatlar, ýurdumyzyň rowaçlygy üçin edilýän dilegler Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen ýolundan beýik geljegine ynamly gadam urýan Watanymyzda asudalyk, abadançylyk, agzybirlik ebedi bolsun! Gudraty Güýçli Allatagala Sizi öz penasynda aman saklap, janyňyzy sag, ömrüňizi uzak, mertebäňizi belent, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriňizi elmydama rowaç eýlesin!
Size çäksiz hormat goýmak hem-de çuňňur wepadarlyk bilen,
Türkmenistanyň ähli dindarlarynyň adyndan, Türkmenistanyň müftüsi Ý.HOJAGULYÝEW.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank