Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar hatlarynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygyny, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belleýärler. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda türkmenistanlylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen garşyladylar. Gutlaglary iberenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyzy gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň adyndan B.Annamämmedow, A.Geldiýew, T.Nurow, A.Saparow, T.Ataýew, H.Kerimow, R.Gandymow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti А.Aşirow, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi şanly waka bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid Al-Azba, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary D.Kobiskiý, Watikanyň Türkmenistandaky Apostolik nunsisi Marek Solçinskiý, Apostol nunsiaturasynyň administratiw meseleler boýunça attaşesi Pawel Ýanuş Kubiak, “Yamrali Trading GmbH” firmasynyň baş direktory Bally Ýemreli, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Mohammed Sabir, Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan, Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Joaan bin Hamad Al Tani, «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilçiliginiň direktory W.Homýakow gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory A.Annaýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan M.Berdimyradowa, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory Ç.Agamyradow, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew, Mary welaýat stomatologiýa merkeziniň baş lukmany A.Akymow, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy N.Kakabaýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy S.Ataýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy A.Allaýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji M.Çaryýew, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank