
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Garaşsyzlyk ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşydyr
Geçen hepdede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy giňden bellenildi. Bu baýram mähriban halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, Watanymyzyň täze sepgitlere tarap ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşany bolan ykbal çözüji waka hökmünde uly ähmiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny, döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýär.
27-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, şeýle-de Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara gatnaşdy.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna soňky ýyllarda gelip gowşan häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny görkezýär. Ajaýyp ahalteke bedewleri dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimize Hökümet agzalarynyň adyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Zaman atly akýal mele reňkli ajaýyp bedew sowgat berildi.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary Garaşsyzlyk baýramyna öz zähmet ýeňişleri bilen geldi. Dabaraly ýörişe ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekiliýetleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň wekilleri, türgenler, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Häzirki zaman telekommunikasiýa we internet serişdeleriniň mümkinçilikleri arkaly dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan köp sanly watandaşlarymyz we beýleki döwletleriň ýaşaýjylary türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny göni ýaýlymda paýlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Özbaşdak türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramymyza bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi.
28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň baş baýramy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Toplumyň çäginde meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ahalteke bedewleri dürli aralyklara çapyşyklaryň 7-sinde ýyndamlygyny, çalasynlygyny, güýç-kuwwatyny we çydamlylygyny görkezdiler. 2 müň 200 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilen pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz, himiýa pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, dürli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony hem kabul etdi. Duşuşykda oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmagyň, takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmagyň esasynda bu pudakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna döwlet Baştutanlaryndan, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan hem-de jemgyýetçilik wekillerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik beren ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam edýändigi bellenilýär.
Türkmenistanyň döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. 23-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Baş Assambleýanyň belent münberinden çykyş edip, sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we meýilleriniň döwletlerden hem-de halkara guramalardan esasy umumy maksady gazanmagyň — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, mundan beýläk-de okgunly ösüş üçin şertleri döretmegiň, häzirki zaman dünýä gurluşynyň binýadynda goýlan hukuk esaslaryny gorap saklamagyň bähbidine utgaşykly hyzmatdaşlygy talap edýändigini belläp, Türkmenistanyň 80-nji sessiýanyň esasy wezipelerine hut şu nukdaýnazardan seredýändigini we berk deňagramly hem-de howpsuz dünýä arhitekturasyny döretmekde oňa uly umyt baglaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Hususan-da, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek, bu sammitiň netijesinde Halkara ynanyşmak kodeksini işläp düzmek boýunça başlangyçlar beýan edildi. Şeýle-de 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny” yglan etmek, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalaryň taslamalary teklip edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa ulgamyndaky başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygy nazara alnyp we Durnukly ösüş maksatlarynyň milli hem-de sebit derejesinde ýerine ýetirilişine goşant goşmak maksady bilen, ýurdumyzda 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edildi. Munuň özi Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmäge hem-de Hazar ekologik başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmaga itergi berer. Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek teklibi köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip edýär.
Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Eswatininiň Patyşasy Mswati III, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah, Ýewropa döwletleriniň Baştutanlary — Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirildi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşlerini Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary hormatly Prezidentimiziň doglan gününe gabat geldi. Bu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy köp sanly döwlet Baştutanlary — Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan hem-de beýleki syýasy we jemgyýetçilik wekilleri mähirli gutladylar. Gutlaglary iberenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny bellediler we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem döwlet Baştutanymyzy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde bellenilen doglan güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady. 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.
25-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler bar. Mejlisiň dowamynda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawynyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Onda Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek babatda ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi, dürli ugurlar boýunça başlangyçlary öňe sürüldi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz birnäçe resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Perman, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararlar bar.
26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, “Buig”, “Rönesans Holding”, “Çalyk Holding” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda işewür hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaklaryny has-da ilerletmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly, at çapyşyklaryny ýokary derejede geçirmek göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýyna, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi we toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi hem-de çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, çapuw ýodalary milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmalydyr, ýokary halkara kadalara laýyk gelmelidir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine, şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmetiniň höweslendirilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 34 ýyllygynyň giňden baýram edilmegine beslenen geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini, adamkärçilik we hoşniýetlilik taglymlaryny, saýlap alan parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoluna ygrarly ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
(TDH)