TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn.

Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen çözgütler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga we hemmeler üçin adam hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu şanly günde Türkmenistanyň halkyna nobatdaky gezek iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu GUTERRIŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýany we Türkmenistany dostluk hem-de strategik gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär, dürli ugurlarda bilelikdäki iri taslamalar amala aşyrylýar. Hökümet ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň geljegi uly täze başlangyçlary ilerletmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly mertebedir. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we Hökümetine mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we Hökümetine bolsa geljekde-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga esaslanýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejeli syýasy dialogyň Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Wengriýanyň möhüm hyzmatdaşy bolmagyna ýardam edendigine şatdyryn. Wengriýanyň Hökümetiniň geljekde hem Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda işlemegini dowam etdirjekdigine Sizi ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Wiktor ORBAN,
Wengriýanyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan durmuş-ykdysady, syýasy ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy, döwlet berkararlygyny we halkara abraýyny pugtalandyrdy.

Häzirki wagtda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Doganlyk Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin. Türkmen halkynyň öz öňünde goýan belent maksatlaryna ýetjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Olžas BEKTENOW,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha berkidilýär. Siziň geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyňyz özara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigine hem-de geljekde uly mümkinçilikleriň açyljakdygyna şaýatlyk etdi. Biziň ýurdumyz Türkmenistan  bilen halklarymyzyň bähbidine dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydyr.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Anwar IBRAHIM,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Sizi we ähli türkmen halkyny Kambojanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Kambojada  Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara bähbitli boljakdygyna, halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat etjekdigine hem-de mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de berk jan saglyk, ähli asylly başlangyçlaryňyzda uly üstünlikler gazanmagyňyz baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Hun MANET,
Kambojanyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nepalyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymyzy beýan edýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Suşila KARKI,
Nepalyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna üstünlik hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Petr FIALA,
Çehiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň Hökümetine we doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, berkararlyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş eçilmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDUL-AZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek hormatyna eýedirin. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we Hökümetine bolsa geljekde-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda doganlyk türkmen halkynyň tutanýerli zähmeti hem-de Siziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyňyz netijesinde  Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine buýsanjymyzy beýan edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde belent wezipäňizde uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu baýram öz Watanyny söýýän, onuň köpasyrlyk taryhyna we däp-dessurlaryna sarpa goýýan, röwşen geljek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän Türkmenistanyň ähli raýatlaryny has-da jebisleşdirýär.

Şanly sene mynasybetli Size we Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, türkmen döwletiniň okgunly ösüşiniň bähbidine döredijilikli zähmetiňizde täze belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hemişe Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin hem-de biziň sebitimiz bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Goý, bu şanly sene Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň halkyna ösüş, abadançylyk we rowaçlyk getirsin! Şeýle hem bu baýramçylyk Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde eýeleýän möhüm ornuny nygtamaga mümkinçilik berýär. Bu gurama  oňa agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň we goşulyşmagyň çuňlaşdyrylmagy boýunça umumy wezipämize uly goşant goşýar.

Biz Siziň geljekde-de sebit hyzmatdaşlygyny hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge goldaw berjekdigiňize umyt edýäris.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Asad Majid HAN,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi ýurduňyzyň baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlaýaryn. Bu gün Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduňyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri gazanandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Türkmenistanyň Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlary bilen dialogy işjeň ösdürilýär.

Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Bakytžan SAGINTAÝEW,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan yzygiderli daşary syýasaty halkara giňişlikde nusgalyk häsiýete eýedir. Ýurduňyzyň parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary diňe bir Türkmenistanyň halkyna däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiligine hem uly peýda getirýär.

Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyr. Biz bilelikde türki dünýäde hem-de onuň çäkleriniň daşynda bitewülik, durnukly ösüş, ählumumy abadançylyk baradaky umumy garaýyşlarymyzy ilerletmegi dowam etdireris.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlik hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Goý, geljek Size uly üstünlikleri getirsin! Çünki Siziň ýurduňyz parahatçylyga we diplomatiýa ygrarlylygy bilen tutuş dünýäni ruhlandyrmagyny dowam etdirýär.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriniň Guramasynyň Baş sekretary.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Biribardan türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk dileýärin.

LEO XIV,
Rim Papasy.