TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiziň adyna Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň we telegrаmmalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Gutlag hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň täzeçil syýasaty, egsilmez güýç-kuwwaty netijesinde ildeşlerimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylandyklary nygtalýar. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Ataýew, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzy “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato, “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti we Baş direktory Paskal Suriz, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Engin Group Consorcium” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Engin Kale, “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk firmasynyň müdiriýetiniň başlygy Erol Tabanja, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanada, “John Deere” kompaniýasynyň GDA döwletleri boýunça wise-prezidenti Piter Zakse, “PETRONAS” kompaniýalar toparynyň prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik, “IGNFI” kompaniýasynyň Baş direktory Oreli Mildrogez gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B.Myradow, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, «Watan» gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Esger» gazetiniň baş redaktory S.Myradow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow tüýs ýürekden gutladylar.

(TDH)