TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar öz hatlarynda döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hatlarda milli buýsanjymyzy artdyrýan döredijilik, watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy bellenilýär.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

Döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)