
Weterinariýa gullugy üçin häzirki zaman okuw enjamlary BOMKA-10 Maksatnamasynyň çäginde gowşuryldy
2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda BOMKA-10 Maksatnamasynyň çäginde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugyna okuw otagy üçin häzirki zaman enjamlary gowşuryldy. Bu möhüm ädim, weterinariýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygynyň ösdürilmegine uly goşant goşar we hünär derejesiniň ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Okuw klasy üçin häzirki zaman enjamlary gowşuryldy enjamlary gowşurlyşy dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky delegasiýasynyň maksatnamalar menejeri Borislaw Dimitrow gatnaşdy. Ol, bu taslamanyň Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda uly ähmiýetini belläp, öňdebaryjy weterinariýa gulluklaryny ösdürmekde uly ädimiň atylandygyny nygtady. BOMKA maksatnamasynyň koordinatory, şeýle hem häzirki zaman enjamlarynyň berilmeginiň weterinariýa gullugyna tehniki goldaw bermek boýunça maksatnamasynyň diňe bir bölegi bolandygyny aýtdy.
Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow BOMKA-nyň wekillerine we Ýewropa Bileleşiginiň wekilline bu tehniki goldawy üçin minnetdarlyk sözlerini bildirdi. Bu günki kabul edilen häzirki zaman enjamlar diňe bir weterinariýa gullugynyň tehniki kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem bilim beriş we weterinarlaryň hünär ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Weterinariýa gullugymyzy kämilleşdirmäge we hünärmenleriň bilim derejesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bir ädimdir. Biz goldaw üçin BOMKA-10 Maksatnamasyna uly minnetdarlyk bildirýäris we bu häzirki zaman weterinar hünärleriň bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga möhüm goşant goşjakdygyna ynanýarys" – diýip Arslan Soltanmyradow belledi.
Okuw otagy üçin berilen häzirki zaman enjamlary, weterinariýa hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertler döreder, bu täze tehnologiýalar bilen amala aşyryljak amaly okuwlary geçirmek giň mümkinçilikler dörediler.
BOMKA-10 Maksatnamasy Türkmenistanda dürli ykdysady pudaklaryny kämilleşdirmekde uly kömek berýär. Weterinariýa gullugy üçin enjamlaryň gowşurylmagy halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň möhüm ädimiň nusgasydyr.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy.