TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileriniň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde bize iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýä ýurtlary bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Halklaryň arasyndaky dostlukly, ylalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak Zeminde asudalygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly binalar, zawod-fabrikler, döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şoňa görä, parahatçylygy, syýasy durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklary kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty hem giňden dünýä ýaýylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň durmuşa geçirýän döwletli işleriňiz bize kämil, ilhalar eserleri döretmäge, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmäge ylham berýär. Türkmen edebiýatynda, žurnalistikasynda, aýdym-saz, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda döwrebap, kämil eserler döredilýär. Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän eserler watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň döwrebap eserleri döretmekleri, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzda her ýylda medeniýet we sungat ussatlarynyň zehinini ýüze çykarmaga ýardam berýän döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň üstünlikli geçirilip, ýeňijileriň Siziň Şa serpaýlaryňyz bilen sylaglanmagy ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Kämil, ilhalar eserleri döredip, döredijilik äleminde aýratyn tapawutlanýan medeniýet, sungat işgärlerine döwlet sylaglary, Şa serpaýlary berilýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, biziň netijeli zähmet çekmegimiz üçin ajaýyp şertleri döretmek ugrunda edýän tagallalaryňyzyň aýdyň netijesidir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz bu gün türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda döwrebap, ilhalar eserleri döredip, aýratyn tapawutlanan döredijilik işgärlerini Türkmenistanyň döwlet sylaglary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini Şa serpaýlaryňyz bilen sylagladyňyz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynda Siziň Şa serpaýlaryňyza mynasyp bolmak biziň üçin uly bagtdyr, belent mertebedir. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri.