
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Bu giň möçberli sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünlikleri, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, iri taslamalar, ýetilen belent sepgitler giňden ýaýbaňlandyryldy. Gözden geçiriliş ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň gazananlary, täze taslamalar bilen tanyşdyrýan ajaýyp meýdança bolup, Türkmenistanyň energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, ylym-bilim, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda ýeten sepgitleri, maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilen ägirt uly işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ol ösüşiň aýdyň ýolundan barýan milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini, geljek döwür üçin kabul edilen maksatnamalary, halkara we milli derejeli iri möçberli taslamalary açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler üstünliklere beslenýär. Täze obalardyr şäherler, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary, mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş toplumlary, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, medeni-durmuş maksatly desgalar giň gerimde gurulýar. Medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş ýaly möhüm durmuş ulgamlarynda-da uly ösüşler gazanylýar.
Ýurdumyzda öndürilýän önümleri giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrülen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Giň möçberli serginiň ekspozisiýalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň baştutanlygyňyzda üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady özgertmeler hemmetaraplaýyn şöhlelendirildi. Döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşleriniň ygtybarly kepilidir.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylar.