TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine

Hor­mat­ly me­de­ni­ýet, sun­gat we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri!

Si­zi Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my, şeý­le hem döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­lan­ma­gy­ňyz we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si bol­ma­gy­ňyz my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­lan­ýan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň her bir gü­ni şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, toý-da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Bu gün ag­zy­bir wa­tan­daş­la­ry­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my­ny my­na­syp zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len gar­şy­lap, eziz Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­lar­da be­lent sep­git­le­re ýet­me­gi ug­run­da tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýär­ler. Di­ýa­ry­myz­da ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zy be­ýik iş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si hem jem­gy­ýe­ti­mi­ziň bi­te­wü­li­gi­niň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, milli de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bar­ha da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Hor­mat­ly adam­lar!

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da hem ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ge­lip çyk­ýan be­lent mak­sat­la­ry, döw­le­ti­mi­ziň dost-do­gan­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek­de, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny, ede­bi­ýa­ty­ny kä­mil eser­ler bi­len baý­laş­dyr­mak­da ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men Bi­ta­rap­ly­gy äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, halk­la­ryň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy, ag­zy­bir­li­gi ber­kit­me­giň nus­ga­lyk ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­ýär. Şu ýy­lyň aw­gust aýyn­da «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Bu mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­lyk, yna­nyş­mak we dost­luk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ge­lip çyk­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri be­ýan et­mek, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­ny giň­den wasp et­mek ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fes­ti­wal­lar, ser­gi­ler, kon­sert­ler, bäs­le­şik­ler we dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki uly ösüş­le­re bes­le­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň me­de­ni dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka­lar­dyr.

Hor­mat­ly me­de­ni­ýet, sun­gat we dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri!

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şik in­di en­çe­me ýyl­lar bä­ri ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Her ýyl­da bu bäs­le­şi­ge ede­bi­ýa­tyň we sun­ga­tyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça tä­ze, kä­mil eser­le­riň ýüz­ler­çe­si hö­dür­le­nil­ýär. Bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry, žur­na­list­le­ri, su­rat­keş­le­ri, kom­po­zi­tor­la­ry, bag­şy-sa­zan­da­la­ry, ki­no we teatr iş­gär­le­ri iş­jeň gat­na­şyp, il­ha­lar eser­le­ri dö­red­ýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ede­bi­ýa­ty­ny, sun­ga­ty­ny tä­ze, döw­re­bap eser­ler bi­len baý­laş­dyr­mak­da, il için­den ze­hin­li dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­da «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» bäs­le­şi­gi­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.

Hor­mat­ly adam­lar!

Si­zi Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 34 ýyl­lyk baý­ra­my, döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­lan­ma­gy­ňyz hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si bol­ma­gy­ňyz bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, dö­re­di­ji­lik dün­ýä­sin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar BERDIMUHAMEDOW.