
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda başy başlanyp, Siziň baştutanlygyňyzda dowam etdirilýän, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşyp, saýlap alan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek ýurduň ykdysady kuwwatyny güýçlendirmek babatda döwlet syýasatynyň binýadyny düzýär. Türkmenistanda netijeli amala aşyrylýan, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady we sebitleýin özgertmeler, kämil hukuk binýady bolan daşary ykdysady gatnaşyklar hem-de milli ykdysadyýetiň ygtybarlylygy ýurtda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döredýär.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy dünýäde iri maýadarlar, daşary ýurtly işewür, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga isleg bildirýän hyzmatdaşlar bilen halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, ýokary netijeli maýa goýum taslamalary üçin maýadarlary çekmek, türkmen işewürleriniň innowasion tehnologiýalar pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Forumda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika pudagynyň esasy ugurlarynyň ösüşi, ygtybarly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we «ýaşyl» özgertmeler, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, söwdanyň düzümleýin esaslarynyň berkidilmegi, maýa goýum taslamalarynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar barada netijeli pikir alyşmalar boldy.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary häzirki zaman ýagdaýlaryny we döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilendir. Siziň dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak baradaky başlangyçlaryňyz türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatdaky bitewi tagallalaryňyzyň aýrylmaz bölegidir. Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen ýokary derejede guralan bu giň möçberli forumyň dowamynda üns çekilen ugurlaryň we taslamalaryň ykdysady netijeliligi, daşky gurşawyň, ekologik abadançylygyň talaplaryna laýyklygy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has täsirli gurallaryň bilelikde gözlenilmegi oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şertleri hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen ykdysadyýetiniň gülläp ösmegi, dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylar.