TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýän bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasyny döretmek strategiýasy zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere täzeçil çemeleşmeleri talap edýär. Ilatyň işjeň bölegini düzýän zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak häzirki döwürde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Olaryň düzüminde zähmete ukyply ýaşdaky raýatlaryň sany agdyklyk edýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, onuň innowasion ösüşi nazara alnyp, ilatyň iş bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň has giň gerime eýe bolmagy bilen, adamyň öz ukyplaryna eýelik etmek hukugyna esaslanýan zähmet bazary kemala gelýär.

Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça tutumly başlangyçlardan, giň gerimli özgertmelerden, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlerden ugur alyp, zähmet bazaryny uzak möhletli ösdürmegiň maksatnamalaýyn çärelerini işläp düzmekden ybaratdyr. Şunda zähmet bazaryndaky gatnaşyklary oňyn düzgünleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ulgamyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegini, zähmete hak tölemegiň usulyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Konsepsiýanyň esasy düzgünlerine syn bermezden ozal, Türkmenistanda bu ulgamda gazanylan üstünlikler barada durup geçmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça zähmet ulgamynda, raýatlary iş bilen üpjün etmekde amala aşyrylýan özgertmeleri bellemelidiris. Hususan-da, zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi döredildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işçi güýjüne bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, raýatlary hünäre ugrukdyrmak babatdaky işleri kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň sebitlerinde zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary döredildi. Bu düzümlerde iş gözleýänleri hasaba almagyň, olary işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň tertibi kämilleşdirildi, şeýle-de iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlary jemlemek ýola goýuldy.

Iş gözleýän adamlara bar bolan boş iş orunlarynyň hödürleniş çärelerini guramagyň tertibi tassyklanyp, oňa laýyklykda şäherlerde, etrap merkezlerinde şeýle çäreler yzygiderli geçirilip başlandy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän we zähmet bazarynda deň şertlerde bäsdeşlige ukypsyz raýatlary işe ýerleşdirmek üçin iş berijilere paýy bellemegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylmagyny, raýatlaryň şeýle toparyna degişli adamlary ileri tutmak arkaly işe ýerleşdirmek düzgüniniň girizilendigini bu ugurda edilen anyk işleriň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň we maksatnamalaýyn özgertmeleriň soňky ýyllarda her ýyl müňlerçe täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berendigini nygtamak gerek. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek, iş üpjünçilik babatdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabryndaky Karary bilen «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de üstünlikli amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine laýyklykda, ýurdumyzda her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň artdyrylýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ugurdaky işler ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny maddy taýdan höweslendirmek ýaly möhüm wezipeleri hasaba almak arkaly amala aşyrylýar. Bularyň ählisi raýatlaryň girdejileriniň artmagyna, netijede, olaryň satyn alyjylyk ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýty döredilip, onuň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu ulgamyň işine sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylyp, ilat üçin hödürlenilýän hyzmatlaryň sany artdyrylýar. Ministrligiň web saýtynyň binýadynda «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» sahypasy döredildi. Bu sahypada kärhanalar, edaralar we guramalar, aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler üçin özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi, iş gözleýänlere bolsa hödürlenen boş iş orunlaryna görä öz bilimleri, iş tejribesi, işlemek isleýän işleri barada maglumatlary girizip, işe ýerleşmek mümkinçiligi döredildi. Web saýt arkaly iş berijileriň özlerinde bar bolan boş iş orunlary baradaky hasabatlaryny, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrma ulgamynda iş berijileriň — ätiýaçlandyrýanlaryň özlerindäki ätiýaçlandyrylan şahslar baradaky hasabatlaryny onlaýn tertipde tabşyrmaklaryna mümkinçilik döredildi. Ulgamyň işi bilen bagly sanly hyzmatlaryň başga-da birnäçesiniň işi ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we depginli durmuş-ykdysady ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli pugtalandyrylmagy, işjeň maýa goýum syýasaty esasynda täze önümçilikleriň açylmagy, amatly işewürlik gurşawynyň döredilmegi raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini hem aýdyň görkezýär. Dünýä tejribelerini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, zähmet kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň esasy şertleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda hereket edýän hukuk namalary, şol sanda «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Zähmet bazaryny ösdürmek boýunça täze Konsepsiýanyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara Zähmet Guramasynyň ölçeglerini we kadalaryny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini, milli aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, degişli kanunçylyk namalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, iş berijilerde bar bolan boş iş orunlary, işgärlere bolan zerurlyklary baradaky maglumatlaryň iş gözleýän adamlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek we onuň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň zähmet bazaryny öwrenmegiň, iş üpjünçilik bilen bagly maglumatlary seljermegiň usullary, bu ugurda hereket edýän hasabatlaryň görnüşleri kämilleşdiriler.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda halkara zähmet bazarynda işçi güýjüne bolan isleg barha artýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak we degişli işleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň halkara zähmet bazaryna çykmagy bilen bagly işleri dolandyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak we işçi güýjüniň taýýarlygyny üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleri düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň üstünde işleniler. Dünýäde emeli aňyň, sanly tehnologiýalaryň, ylmyň, bilimiň barha ösmegi, haryt bazarynda bäsdeşligiň artmagy, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýynyň ýokarlanmagy, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy zähmet bazarynda täze başarnyklaryň, işiň täze görnüşleriniň kemala gelmegini hem-de olar üçin amatly şertleriň döredilmegini talap edýär. Mundan başga-da, Konsepsiýada zähmet bazaryny ösdürmek bilen bagly pudaklaryň işini utgaşdyrmak, iş üpjünçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olara usuly gollanmalary bermek, ýerine ýetirilýän sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Işgärleriň saglygyny we ömrüni goramak çäreleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, resminamada zähmet şertlerine baha bermek işleri amala aşyrylar. Ýakyn geljekde zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişini, işgärleriň iş ýerlerinde howpsuz we sagdyn zähmet şertlerine bolan hukuklarynyň, kanunçylykda bellenen beýleki kepillikleriniň üpjün edilişini berkitmek, oňa gözegçilik etmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we olaryň ygtyýarlyklaryna seretmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselesine hemişe ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Konsepsiýada hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary guramak, olaryň daşary ýurt tejribelerini öwrenmeklerini üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Zähmet haky her bir ýurduň, her bir işgärler toparynyň, adamyň esasy durmuş-ykdysady görkezijileriniň biri bolup durýar. Çünki ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi onuň möçberine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli döwürde zähmetiň önümçilik ösüşiniň depginine we işçi güýjüniň hiline laýyk gelýän, zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyň sazlaşygyny üpjün edýän, işgärleriň, iş berijileriň we döwletiň özara gatnaşyklary bilen zähmet bazaryny sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde aýlyk haklarynyň durnukly ýokarlandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler. Zähmet hakynyň satyn alyjylyk ukybyny artdyrmagyň usullarynyň biri-de onuň iň pes möçberini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýada Halkara Zähmet Guramasynyň kadalaryna laýyklykda, iň pes zähmet hakyny bellemegiň we ýokarlandyrmagyň binýatlyk esaslaryna eýerilip, onuň ilatyň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine täsirini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biri halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümine girýän edaralar bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, onuň düzümine girýän guramalar, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy bilen zähmet we durmuş üpjünçiligi meseleleri boýunça ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Olar bilen bilelikde ýurdumyzda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi.

Häzirki wagtda Halkara Zähmet Guramasynyň işi durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermäge, adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, zähmet şertlerini gowulandyrmaga, adamyň hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu maksatlar zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak, mynasyp iş bilen üpjünçiligi gazanmak üçin zenanlardyr erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek, durmuş üpjünçiliginiň netijeliligi, üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri HZG-niň agzasy bolmak bilen, onuň konwensiýalarynyň 11-sine goşuldy. Ýurdumyz şol konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Kanunda we beýleki kanunçylyk namalarynda Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýan edildi. 2018-nji ýylda kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlary bilen HZG-niň halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakynda Konwensiýanyň tassyklanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanda Halkara Zähmet Guramasynyň birnäçe möhüm resminamalaryna goşulmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Konsepsiýada geljek ýyllarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara guramalar we beýleki döwletler bilen zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Konsepsiýanyň baplarynyň biri onda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmakdan garaşylýan netijelere bagyşlanýar. Resminamada bellenilişi ýaly, göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda zähmet bazarynyň has-da ösdürilmegine, zähmet gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdiriljekdigi, degişli hasabatlaryň görnüşleriniň täzeleniljekdigi, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly ulgamy dolandyrmagyň täze institutlaryny döretmegiň üstünde işleniljekdigi nygtalýar. Mundan başga-da, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, ulgamyň sanly hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barlar.

Umuman, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» görnüşi ýaly, ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýasy ähli ulgamlara innowasiýalary hem-de döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak bilen häsiýetlendirilýär. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bu ulgamda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge, zähmet bazaryny ösdürmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

(TDH)