
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylar bolan bize iberen, kalplarymyzy joşa getiren, buýsanjymyzy belende göteren Gutlagyňyz, bu maslahaty ýokary derejede geçirmek babatda döreden ähli zerur şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli güýz paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size ata Watanymyz Türkmenistanyň, ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňizde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýä türkmenleriniň köňül täji, ýürek buýsanjy bolup dünýä şuglasyny saçýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň, belent mertebeli Prezidentimiz, Siziň beýik işleriňiz, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriňiz esasynda uzak geljegi nazarlaýan milli maksatnamalar, giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň sebit we dünýä derejesindäki abraýy, demokratik ýörelgelere ygrarly döwlet hökmünde eýeleýän orny barha pugtalanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de beýleki milli we döwlet maksatnamalary esasynda Watanymyzyň çar künjeginde täze obalardyr şäherler, çagalar baglary, orta mekdepler, saglyk we medeniýet öýleri, iri senagat toplumlary gurlup, her bir adamyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetilýär.
Her bir güni, her aýy, ýyly möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryna beslenýän täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň, Siziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyňyzyň Ýer ýüzünde giňden dabaralanmagy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň üçünji gezek ykrar edilmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Siziň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyňyz ata Watanymyza, mähriban halkymyza, külli adamzada bolan beýik söýgiňiziň nyşanydyr. Siziň yhlasly zähmetiňiz, egsilmez gujur-gaýratyňyz watandaşlarymyzda çuňňur hoşallyk duýgusyny döredip, täze sepgitlere, belent maksatlara ruhlandyrýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siz daşary ýurtly türkmenlere ata Watanymyzda geçirilýän maslahatlara, forumlara, toý-dabaralara gatnaşmaga, Garaşsyz Diýarymyzyň ýyly mährini duýmaga giň mümkinçilikleri döredýärsiňiz. Dünýä türkmenleri Garaşsyz Türkmenistany okgunly ösüşleriň ýoly bilen beýik geljege alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de Siziň daşyňyza mäkäm jebisleşip, asylly başlangyçlaryňyzy tüýs ýürekden goldaýarlar. Bu jebislik milletimiziň bitewüligidir, güýç-kuwwatymyzdyr, geljekki üstünliklerimiziň ygtybarly kepilidir.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna iberen Gutlagyňyz, bu maslahatyň üstünlikli we ýokary derejede netijeli geçmegi babatda beren goldawlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylar.