TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 254.

«Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň düzümindäki müdirliklere elektrik hereketlendirijileri we ýerasty suw sorujylary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

2. LOT № 277.

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň etrap agyz suw bölümlerine gerekli enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

3. LOT № 300.

Ýarygökje geňeşligindäki 960 orunlyk orta mekdebiň elektrik üpjünçiligi üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

4. LOT № 303.

Gökdepe şäheriniň gündogar tarapynda gurulýan 2 gatly, 16 öýli 6 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň elektrik üpjünçiligine hem-de daşarky işleriniň gurluşygyna gerek harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

5. LOT № 350.

«Bagtyýarlykagyzsuw» müdirligi üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

6. LOT № 351.

«Aşgabatagyzsuw» birleşigi üçin ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

7. LOT № 359.

Elektrik tok ulgamyna degişli harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

8. LOT № 361.

Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

9. LOT № 362.

Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

10. LOT № 370.

Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr) boýunça desgalaryň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

11. LOT № 376.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmykliniki merkeziniň elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryna (UPS) tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

12. LOT № 378.

Gullugyň harby bölümleriniň awtoulaglary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

13. LOT № 383.

Ministrligiň edara binasynyň daşynda gurnalan LED enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.

14. LOT № 384.

Balkanabat şäherindäki inçekesel hassahanasynyň binasyny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny, şeýle hem elektrik enjamlaryny we mebel esbaplaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

15. LOT № 424.

Akdepe etrabynyň Sazakly geňeşliginiň Ýaldyrýap obasynyň elektrik geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

16. LOT № 425.

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynyň Döwletli köçesini abadanlaşdyrmak üçin ýol gyra daşlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

17. LOT № 426.

Balkan welaýatynda 20 müň gektar ýeri özleşdirmek, melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de Bereket etraby boýunça 7 müň 88 gektar meýdana gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

18. LOT № 427.

Akdepe etrabynyň Rejepguly Ataýew geňeşliginiň Omarly obasynyň Nowruz köçesindäki ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiligi üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

19. LOT № 434.

Dürli kysymly awtomobil tehnikalarynyň duruzyjy (tormoz) kolodkalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

20. LOT № 438.

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky Bereket suw ýygnap paýlaýjy desga gullugynyň kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr suw arassalaýjy desgasy üçin enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

21. LOT № 439.

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky gulluklara elektrik enjamlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

22. LOT № 440.

«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşigine suw ölçeýji enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

23. LOT № 444.

Gullugyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň çäginde kömekçi binalary gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

24. LOT № 468.

Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 40 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakda görkezilen web saýtdan alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 2-nji oktýabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.