TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna 2025-nji ýylda başlyklyk edýän Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna 2025-nji ýylda başlyklyk edýän Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy hormatly myhmana Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili wezipesinde işlän döwründe Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da ilerlemegine mynasyp goşandy üçin hoşallyk  bildirdi.

Şunuň bilen bir hatarda, duşuşygyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niňDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Bu halkara forum durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy goldaýandygy we şol hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna parlament derejesinde goldaw berilýändigi barada nygtaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2014-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolup durýandygy hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýandygy, bilelikde dürli çäreleri guraýandygy barada bellenildi.

Şeýle hem  ýurdumyzda zenanlaryň  hukuklaryny kepillendirmek,  şol sanda gender deňligini üpjün etmek we ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri durmuşa geçirmek, ekologiýa howpsuzlygy bilen bagly işleriň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, geljekde deňhukuklylyk  we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taraplaryň  taýýardyklary beýan edildi.