TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habarlar

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olara noutbuk kompýuterleri, planşetler hem-de degişli diplomlar gowşuryldy:

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Perhat Azadowiç Gaýitnazarow;

Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Muhammetemir Amanmyradowiç Çaryýew;

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Täçmuhammedowna Täçmuhammedowa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzuw Orazowna Aganyýazowa;

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 76-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Dädemyrat Sapaýewiç Arazklyçow;

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Daýanç Raşidowiç Raýhanow;

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jemşit Begenjowiç Garýagdyýew.

Şeýle hem “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmek, ony täze, döwrebap wokal, estrada aýdym-sazlary bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp etmek, il içinden zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu aýdymçy ýaşlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Aýna Begenjowna Baýramgeldiýewa;

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowna Gurbanmyradowa;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Alp-Arslan Ýusupowiç Ýusupow;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap geňeşiniň sürüjisi Ýunus Aşyrdurdyýewiç Aşyrdurdyýew;

Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň tans artisti Yhlas Durdygylyjowiç Atekaýew;

Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Saýat etrap medeniýet bölüminiň Esgi geňeşligindäki Gyzylgaýa oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Resul Guwanjowiç Guwanjow;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Remezan Bäşimmuhammedowiç Işankulyýew.

(TDH)