
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz, bu bäsleşigiň ýokary derejede, şowhunly hem-de guramaçylykly geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çuň many-mazmunly aýdym-sazlar bilen şöhratlandyrmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek hakyndaky mähirli arzuwlaryňyz bizi täze üstünliklere ruhlandyrdy, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size hem-de Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz!
Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän döwletde, ajaýyp zamanada, eşretli durmuşda ýaşaýandygymyza örän begenýäris. Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarlaryňyz we nusgalyk işleriňiz esasynda biziň döwrebap bilim almagymyz, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmagymyz, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegimiz üçin ähli şertler döredilýär. Bagtly çagalygyň hem-de iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde şan-şöhraty dünýä dolýan eziz Diýarymyzda ak mermerli çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň, medeni-dynç alyş, sport merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň sany yzygiderli artýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylyna gabatlanyp, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky monumentiň, täze orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy, birinji synpa barýan okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de, hormatly Prezidentimiz, Siziň adyňyzdan milli önüm bolan «Bilimli» kompýuterleriniň sowgat berilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Ýaş nesiller baradaky aladalar biziň şatlygymyza şatlyk goşýar, kalbymyza ylham berýär, aýdym-saza, bilimlere, döredijilige bolan höwesimizi has-da artdyrýar.
Mertebesi belent Prezidentimiz!
Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen ýaş nesilleriň döredijilik we zehin taýdan kämilleşmegi, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Siziň: «Eziz Watanymyzyň geçmişine, berkarar döwletimiziň şu günki ýeten belentliklerine, abraý-mertebesine guwanýan, maşgala ýörelgelerine, ata-enä, dogan-garyndaşa, il-güne ygrarly, ylymly-bilimli, watansöýüji nesiller biziň buýsanjymyzdyr» diýip, bize bildirýän uly ynamyňyzdan ruhlanyp, Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy ýaly görnükli akyldarlarymyzyň watansöýüjilik, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly gymmatly öwüt-ündewlerine, milli ýörelgelerimize eýerip, okamak hem-de öwrenmek bilen, bilim derejämizi has-da ýokarlandyrýarys, döredijilik hem-de sungat bilen yzygiderli meşgullanýarys.
Siziň gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan Watanymyzda ýaş nesil barada edýän aladalaryňyz biziň şatlygymyza şatlyk goşýar. Döredijilik, zehin taýdan kämilleşmegimiz, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirmegimiz üçin döredýän giň mümkinçilikleriňiz kalbymyza ylham berýär, aýdym-saza, bilimlere we döredijilige bolan höwesimizi has-da artdyrýar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynyň ýokary derejede geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hоşallуgymyzy bildirýäris. Siziň: «Merdana pederlerimiz nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde sungatyň synmaz güýjüne aýratyn ähmiýet beripdirler. Milli sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-sazlarymyz ynsan kalbynda ýagşylyklary, Watana söýgini kemala getirmegiň özboluşly mekdebine öwrülipdir» diýen sözleriňizden ruhlanyp, Garaşsyz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin yhlasly bilim alarys, aýdym-sazlarymyz, sungat eserlerimiz bilen Watanymyzyň, zähmetsöýer halkymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny belentden ýetireris. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine gatnaşyjylar.