
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz üçin Size çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleriňizde hemişe uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, döredijilik bäsleşiklerini geçirip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesindäki ösüşlere beslenip, agzybir halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, berkarar döwletimiziň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Ajaýyp döwrümizi, halkymyzyň abadan durmuşyny, Diýarymyzyň taryhy özgerişlerini joşgunly aýdym-sazlarymyz bilen wasp etmek, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak ugrunda döredýän şertleriňiz bizi sungatyň aýdyň ýoluna höweslendirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siz: «Häzirki döwürde biz medeniýet ulgamynyň dünýä derejesindäki ösüşlere eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, ilatymyzyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýetiň kämilligi döwletiň ruhy sütünidir» diýip, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýurdumyz hem-de halkymyz üçin uly ähmiýete eýedigini nygtaýarsyňyz. Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz bilen geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýaşlaryň kalbynda medeniýete, sungata çäksiz söýgi döretmäge, ata-babalarymyzdan miras galan milli aýdym-saz sungatymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Toý-baýrama beslenýän Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan uly üstünlikleri biziň ýaş kalbymyza egsilmez ylham-joşgun eçilýär. Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän halkara medeni çäreler, forumlar, konsertler, sergiler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmaga ýol açýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem sungatymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz, Siz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu abraýly telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyzda: «Berkarar döwletimiziň halkara abraýy has-da belende göterilýän şanly ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmak we çykyş etmek siziň üçin uly bagtdyr, ömrüňiziň ýatdan çykmajak şatlykly wakalarynyň biridir» diýip, örän jaýdar belleýärsiňiz. Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda uly şatlyk-şowhun bilen geçirilen bu bäsleşikde ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň waspy bolup belentden ýaňlanýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, Siziň Şa serpaýlaryňyza mynasyp bolmak biziň kalbymyzda egsilmez buýsanç duýgusyny döredip, ykbalymyzy bagtly pursatlara besledi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmak babatda edýän taýsyz tagallalaryňyzdan ruhlanyp, biz geljekde-de ýurdumyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarymyzda täze, döwrebap aýdym-sazlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirjekdigimize, ýaş kalbymyzdan joşup çykýan aýdymlarymyz bilen ajaýyp döwrümizi, bagtyýar durmuşymyzy giňden wasp etjekdigimize ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar.