
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmen topragy — rysgally, döwletli toprak. Daýhanlarymyz ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanýan mukaddes türkmen topragynda pagtanyň, guşgursak bugdaýyň, şalynyň, bakja hem gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde Türkmenistan oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär.
Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy ene topraga bolan söýginiň yhlasa ýugrulyp, dünýä ýüzüne dabaralanmasydyr. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Onda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary, raýatlarymyzyň jebisligi, zähmetsöýerligi, abadançylygy öz beýanyny tapýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüşlerimiziň kepili bolan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşini kepillendirýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde halkymyz el-ele berip, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza jebisleşip, belent maksatlary nazarlap, ynamly öňe barýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergi berýär. Siziň baştutanlygyňyzda oba hojalyk pudagynda ýer eýeleriniň bähbitlerine gönükdirilen uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ruhubelentlik bilen çekýän zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler bu pudagy ösdürmäge ýardam edýär. Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul eden Kararyňyza laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň döredilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Edermen oba zähmetkeşleri döwletimiz tarapyndan özleri barada edilýän alada yhlasly zähmetleri arkaly jogap berýärler, häzirki zaman ekerançylyk ylmyny sanly ulgam bilen utgaşykly alyp baryp, azyk bolçulygyny döretmek, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek esasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini suwy tygşytlaýjy tehnologiýalaryň has kämil, ýagny damjalaýyn we emeli ýagyş ýagdyrmak arkaly suwarmak usullarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy türkmen daýhanlarynyň netijeli zähmet çekmeklerine ýardam berýär.
Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda azyk howpsuzlygy, ekologik abadançylyk boýunça öňe süren teklipleriňiz Türkmenistanyň ekologiýa we suw diplomatiýasyny ösdürmekde, umumadamzat ähmiýetli meseleler boýunça ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikdäki işjeň ornuny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyzda rowaçlyk arzuw edýärin.
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.