
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy ajaýyp baýram bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gutlaglaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
(TDH)