TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Daşoguz welaýatynyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň «Daşoguzşäheragyzsuw» müdirliginiň Daşoguz agyz suw zawodyny gipohlorit natriý ergini bilen üpjün etmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— hödürlenýän baha teklipleri;

— degişli resminamalar.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabryna, sagat 9:00dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Telefon belgisi: (+993 322) 9-03-02, faks belgisi: (+993 322) 9-03-14.