TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmenistanda çagalarda ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemek, döredijilik işjeňligini ösdürmek, olary doly derejeli durmuşa taýýarlamak ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, çagalaryň saglygyny, bähbitlerini hem-de hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň görkezijileriniň birine öwrüldi. Bu giň möçberli çärede oňa Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan gatnaşan edaralardyr guramalara, kompaniýalara köpçüligi çagalar üçin harytlar pudagynda öndürýän dürli görnüşli önümleri bilen tanyşdyrmaga amatly mümkinçilik döredi. Sergi-ýarmarkanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar. Ýaşajyk myhmanlar bolsa dürli ýaryşlara gatnaşyp, wagtyny şatlykly we gyzykly geçirdiler. Şeýle-de çagalaryň moda görkezilişi, çaga terbiýesi, ösüşi boýunça ene-atalar üçin maslahat beriji okuwlar geçirildi. Sungat meýdançasynda çagalara özboluşly sungat eserlerini we şekilleri görkezmäge, kiberzolakda bolsa häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmaga şert döredildi. Çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy bu giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň tagallalaryňyz bilen Türkmenistanda maşgalany, eneligi we çagalygy goramaga döwlet derejesinde uly ähmiýet berlip, bu ugurdaky işler saglygy goraýyşdan, bilim ulgamyndan başlap, ykdysadyýete çenli ähli ulgamlarda öz beýanyny tapýar. Çünki ýurduň ösüş strategiýasy türkmen halkynyň abadançylygynyň, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetiň ruhy, aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna gönükdirilendir. Çagalaryň doly derejede ösmegine goşant goşýan häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion önümlere we hyzmatlara giň orun berlen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýalar we onuň çäginde guralan çäreler Türkmenistanda bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň, bagtyýar çagalaryň döwlet derejesinde uly aladalar bilen gurşalandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ýokary derejede geçirilmegi babatda beren ýardamlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar çagalaryň nurana geljeginiň bähbidine alyp barýan işiňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar.