TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Sizi ýetip gelýän Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de türkmen bagşyçylyk sungatynyň has-da kämilleşdirilmegi, dünýä ýaýylmagy ugrunda edýän tagallalaryňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Toý-baýramlarymyzda bagşy-sazandalaryň Diýarymyzy wasp edip ýerine ýetirýän aýdymlary, dutardyr gyjagyň şirin owazy dost-doganlygyň dabaralanmasy bolup ýaňlanýar.

Halkymyzyň dutarda saz çalmak sungatyny has-da kämilleşdirip, geljek nesillere ýetirmek, dünýäde wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem sungatyň bu ugrunyň rowaçlanmagyna giň ýol açýan döredijilik bäsleşikleriniň üstüni ýetirýär.

Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden guwandyrdy. Sungat ynsanlaryň birek-birege mähribanlygyna, parahat durmuşa ýol açýan synmaz güýji özünde jemleýär. Meşhur Şükür bagşy şirwan perdelerden çykýan täsin owazlaryň ýürekleri nura besläp, ylalaşyga, parahatçylyga giň ýol açýandygyny dutarda ýerine ýetiren sazy arkaly subut etdi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Siziň goldaw-hemaýatlaryňyz esasynda sungat ussatlarymyz milli aýdym-sazlarymyzy dünýä halklaryna hеm ýеtirmägе giň mümkinçilik aldylar. Şeýle-de sungatyň bu ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär. Ýaş bagşy-sazandalaryň sungatyň inçe syrlaryny halypalardan öwrenmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň öz Gutlagyňyzda belleýşiňiz ýaly, türkmen halky ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-sazy özüniň ruhy syrdaşyna öwrüp geldi. Dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan dörän şirin aýdym-sazlar nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, il içinde tutulýan toýlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrmakda örän ähmiýetli bolupdyr. Hut şoňa görä-de, ata-babalarymyz aýdym-sazyň ynsan kalbyna täsir edýän joşgunly güýje eýedigine ynanypdyrlar, bagşyçylyk sungatyny toýlarynyň bezegine öwrüpdirler. Dutarda ýaňlanýan mukamlar halkyň kalbyna ganat bekledipdir, Watan, il-gün üçin beýik işlere ruhlandyrypdyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şatlyk-şowhunly geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary hem ajaýyp döwrümiziň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň joşgunly waspy bolup ýaňlandy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş edip, döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirligini aýdym-saz sungatynyň üsti bilen wasp edip, Siziň Şa serpaýlaryňyza mynasyp bolmak durmuşymyzda hiç wagt ýatdan çykmajak bagtly pursatlardyr. Biz geljekde-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň taýsyz tagallalaryňyzdan ruhlanyp, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekeris.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä çykarmak babatdaky taýsyz tagallalaryňyzdan ruhlanyp, geljekde-de milli aýdym-saz sungatymyzy has-da kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar.