TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň KARARY

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna we gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda hem-de Ýaşulular geňeşiniň işini guramaçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamaly.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyryjysy — Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 20-nji awgusty.