TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 150.

Ministrligiň zerurlygy üçin togy üznüksiz üpjün edýän enjamy (UPS) satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT № 254.

«Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň düzümindäki müdirliklere elektrik hereketlendirijileri we ýerasty suw sorujylary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

3. LOT № 277.

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň etrap agyzsuw bölümlerine gerekli enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

4. LOT № 316.

Wideogözegçilik we goşmaça enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

5. LOT № 359.

Elektrik tok ulgamyna degişli harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

6. LOT № 364.

Welaýatyň harby prokuraturasynyň täze edara binasynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

7. LOT № 370.

Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak (II tapgyr) üçin gerekli gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

8. LOT № 376.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň togy üznüksiz üpjün edýän enjamlaryna (UPS) tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

9. LOT № 383.

Ministrligiň edara binasynyň daşynda gurnalan LED enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.

10. LOT № 384.

Balkanabat şäherindäki inçekesel hassahanasynyň binasyny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny, şeýle hem elektrik enjamlary we mebel esbaplaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

11. LOT № 424.

Akdepe etrabynyň Sazakly geňeşliginiň Ýaldyrýap obasynyň elektrik geçiriji ulgamynyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

12. LOT № 425.

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynyň Döwletli köçesini abadanlaşdyrmak üçin ýolgyra daşlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

13. LOT № 426.

Balkan welaýatynda 20 müň gektar ýeri özleşdirmek, melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de Bereket etraby boýunça 7 müň 88 gektar meýdana gerek bolan gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.

14. LOT № 427.

Akdepe etrabynyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň Omarly obasynyň Nowruz köçesindäki ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiligi üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

15. LOT № 432.

Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň daşky we içerki ýollary üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 4-nji sentýabryna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.