
Türkmenistanyň Merkezi banky bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Merkezi banky banka degişli bolan, Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunda ýerleşýän 81-nji, Garaşsyzlyk şaýolunda ýerleşýän 8-nji, Atatürk köçesiniň ugrunda ýerleşýän 59, 65, 71-nji ýaşaýyş jaýlarynyň ýangyn habar beriji we tüsse sorujy awtomatik ulgamlaryny abatlamak we tehniki hyzmata bermek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunda ýerleşýän 88, 189, 230, 232-nji, S.Türkmenbaşy şaýolunda ýerleşýän 136, 150, 154-nji, G.Ezizow köçesinde ýerleşýän 13-nji, S.Seýdi köçesinde ýerleşýän 29-njy, Magtymguly şaýolunda ýerleşýän 211-nji ýaşaýyş jaýlarynyň ýangyn habar beriji we tüsse sorujy awtomatik ulgamlaryny tehniki hyzmata bermek boýunça açyk görnüşli BÄSLEŞIK yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär.
744000, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 38-10-27, 38-14-25, 38-10-98.