
Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 100.
Okuw merkeziniň iş otaglary üçin mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
2. LOT № 244.
Şabat etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň 4 gatly, 24 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inženerçilik ulgamy hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
3. LOT № 280.
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň garamagyndaky bilim edaralaryna suw ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
4. LOT № 294.
Suw sorujy we kowujy nasoslary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
5. LOT № 295.
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň edara binasynyň sowadyjy, howalandyryjy we ýyladyjy ulgamlaryna hem-de nasos enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
6. LOT № 299.
Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde gurulýan 640 orunlyk orta mekdebiň daşky eltiji elektrik ulgamynyň gurluşygyna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
7. LOT № 302.
Gökdepe etrabynyň Täze eýýam geňeşligindäki 1 gatly, 106 sany ipoteka ýaşaýyş jaýynyň daşky elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
8. LOT № 349.
«Aşgabatzeýsuw» müdirligine degişli desgalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
9. LOT № 353.
«Aşgabatsuwaryş» müdirligine degişli suwaryş ulgamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary hem-de enjamlary, şeýle-de awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary we tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
10. LOT № 355.
Aşgabat Zeýkeş aragatnaşyk ötügi trestine hem-de kuwwaty bir gije-gündizde 300 müň kub metr bolan lagym arassalaýjy desga gerek harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
11. LOT № 356.
Aşgabat Zeýkeş aragatnaşyk ötügi trestine gerek elektrik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
12. LOT № 361.
Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
13. LOT № 362.
Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
14. LOT № 369.
Welaýatyň inçekesel hassahanasynyň täze gurulýan binasynyň daşky agyz suw üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
15. LOT № 371.
Welaýatyň inçekesel hassahanasynyň täze gurulýan binasynyň daşky lagym üpjünçiligi üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
16. LOT № 398.
Boldumsaz etrabynyň obalaryndaky elektrik geçiriji howa ulgamlaryna gerekli harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
17. LOT № 407.
Gökdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň binasyny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
18. LOT № 408.
Dänew şäherindäki we Saýat şäherçesindäki hassahanalaryň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
19. LOT № 409.
Bagtyýarlyk etrabynyň «Ýasmansalyk» ýaşaýyş toplumynda 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de eltiji inženerçilik ulgamyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
20. LOT № 414.
Ministrligiň merkezi binasy üçin mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
21. LOT № 417.
Bäherden etrabynyň Nohur — Garawul — Könegümmez awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
22. LOT № 418.
Bäherden etrabynyň Arçman — Garawul awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 25-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.