TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi. Häzirki ählumumylaşma we dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan şertlerinde bu döwletleriň ösüş hem integrasiýa meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Maslahatyň dowamynda bu döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminamalar DÇBÖBD-nä mahsus meseleleriň halkara ykrarnamasy bolmak bilen, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga, maliýe serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen anyk çözgütleri teklip edýär. BMG-niň ýurdumyzda geçirilen bu iri çäresi dünýä metbugatynyň sahypalarynda giňden şöhlelendirildi.

Özbegistanyň “UZA” milli habarlar agentliginiň web saýtynda maslahatyň gün tertibine laýyklykda, özara ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ykdysady özgertmeler, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär. Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentliginiň habarlarynda nygtalyşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümleýin we logistika meseleleriniň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de olaryň ykdysady, üstaşyr mümkinçiliklerini açmak üçin ugurlary kesgitlemek maslahatyň esasy maksady boldy. “Foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ynsanperwer, ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini çözmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Ählumumy Günorta ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek üçin anyk meýilnama bolup durýan 2034-nji ýyla çenli Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi” diýip, HHR-iň “Sinhua” habarlar agentligi ýazýar.

Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň ýaýradan maglumatlarynda bolsa hyzmatdaşlyklary giňeltmek, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçiliklerini açmaga ýardam bermegiň maslahatyň esasy maksady bolandygy bellenilýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna gabat geldi. Bu bolsa çärä aýratyn diplomatik many berdi. “EU Reporter” neşiriniň habarynda bellenilişi ýaly, forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi tötänden däldir. Şunlukda, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini ulag geçelgelerini we infrastruktura taslamalaryny ösdürmek arkaly strategik artykmaçlyga öwürmäge çalyşýar. Şeýle-de habarda “Türkmenistan Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda köpri bolmak bilen, sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýär” diýlip nygtalýar.

“Mir” DTRK-nyň hem-de “AzVision.az”-yň internet sahypalarynda: Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistana netijeli dialog üçin meýdança bolup çykyş etmäge mümkinçilik berýändigi bellenilýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ulag ugurlaryny ösdürmek, ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. Bu başlangyçlar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýükleri daşamak bilen baglanyşykly çykdajylaryny azaltmaga, olaryň dünýä ykdysadyýetinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysadyýetlerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary goşulan bahaly pudaklara, sanly özgertmelere maýa goýumlary gönükdirmegiň möhümdigini nygtady. Onuň sözlerine görä, DÇBÖBD heniz ulanylmadyk uly kuwwata eýedir.

Maslahatda ulag we üstaşyr geçirmek meselelerine-de deglip geçildi. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, logistikany sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem forumda üstaşyr çykdajylary azaltmaga we halkara bazarlara elýeterliligi ýokarlandyrmaga ýardam berjek integrirlenen ulag ulgamlaryny döretmegiň, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Maslahatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça topary döretmek barada karara gelindi. Munuň özi tagallalary utgaşdyrmaga, maliýe serişdelerini çekmäge ýardam berer.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer “News Central Asia” neşirine beren interwýusynda: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş ilaty bolup, ägirt uly demografik kuwwata eýedirler, bu bolsa bilime, saglygy goraýşa, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmegine maýa goýumlary gönükdirilen ýagdaýynda ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar” diýip nygtaýar. Neşiriň habarlarynyň birinde bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň döwlet dolandyryşyna we ykdysadyýete gatnaşmagy barha işjeňleşýär. Şeýle hem bilermenler durmuş ulgamyny pugtalandyrmagyň, hyzmatlara elýeterliligi giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler. Munuň özi durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowyň arasynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşyga üns berilýär. “News Central Asia” neşirinde bu barada: “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu formaty eýýäm ýola goýuldy we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli esasda dowam etmelidir diýip aýratyn nygtady” diýlip bellenilýär. Azerbaýjanyň “Azertag” döwlet habarlar agentliginiň beren maglumatlarynda bolsa: “Üçtaraplaýyn formatdaky ilkinji duşuşykda medeni-ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ulgamyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ulag, logistika, energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi” diýlip nygtalýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara işlerde bitarap we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrýar. “AzVision.az” internet neşiriniň sahypalaryndaky habarlardan mälim bolşy ýaly, munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy, durnukly ösüşi we sebit integrasiýasyny ilerletmekde barha artýan ornuny tassyklaýar. “Awazanyň maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine ýardam etmek bilen halkara hyzmatdaşlygyň we dialogyň merkezi bolmaga çalyşýandygyny tassyklaýar” diýlip, “EU Reporter” neşiriniň web saýtynda nygtalýar. Hazaryň türkmen kenarynda şeýle iri maslahatyň geçirilmegi giň möçberli halkara çäreleri kabul etmäge we ählumumy meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam berdi.

Şeýlelikde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan geografik we ykdysady meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalarda möhüm tapgyr boldy. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi bolsa geljek on ýyl üçin anyk ösüş meýilnamasyny kesgitledi. Dünýä metbugatynyň sahypalarynda bu başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp babatda halkara raýdaşlyga, maliýe arhitekturasynyň özgerdilmegine, tehnologiýalaryň alşylmagyna we bu işlere hususy pudagyň işjeň çekilmegine baglydygy nygtalýar. Türkmenistan parahatçylyk dörediji bitarap ýurt hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşine saldamly goşant goşmak bilen, halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

(TDH)