
Türkmenistan - Yrak Respublikasy: umumadamzat ähmiýetli taryhy ädim
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlaryny bu günki gün rowaç eýleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimizi ösüşleriň belent derejesine, halkymyzy baky bagtyýarlyga alyp barýar. Şunlukda dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary adamzadyň ýagty geljegine we rowaçlygyna gönükdirilýär. Şu nukdaýnazardan şu gün paýtagtymyzda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.
Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda açyk içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şunda ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli we uzakmöhletli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen ynamly öňe ilerleýär. Şol maksatnamalar döwlet gurluşynyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, köp pudakly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm durmuş wezipelerini çözmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze konsepsiýasynyň döredilendigini aýratyn bellemek gerek. Deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün edilmegi, şeýle hem öndürijileriň, üstaşyr iberijileriň hem-de dünýä bazarlarynda energiýany sarp edijileriň bähbitleriniň berjaý edilmegi bu Konsepsiýanyň esasy ýörelgesi bolup durýar.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyndaky halkara ähmiýetli teklipleri birnäçe iri energetika taslamalarynda durmuşa geçirilmeginde öz anyk beýanyny tapdy we tapmagyny dowam edýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan–Hytaý, Türkmenistan – Eýran, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijilerini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny aýratyn görkezmek gerek.
Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri SWAP usuly bilen Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.
Şeýlelikde, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny pugta we yzygiderli alyp barýar.