
Resmi habarlar
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.
Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
***
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky şu halkara resminamalar:
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk;
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäherinde gol çekilen Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Ösümlikleriň karantini boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk, Halkara kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda maglumatlary tehniki taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk tassyklanyldy.
(TDH)