TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

***

Milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen, şeýle hem “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy.

(TDH)