
Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda
Şu Kanun Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawy
Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň (mundan beýläk — saýlawçylar) bitewi döwlet sanawy (mundan beýläk — Döwlet sanawy) saýlawçylar baradaky şu Kanunda göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawçylaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamydyr.
2-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Döwlet sanawynyň maglumat gory — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, tehniki serişdeleriň ulgamyndan, şeýle hem elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, şu Kanunda bellenilen tertipde saýlawçylar baradaky maglumatlaryň Döwlet sanawyna doly girizilmeginiň, olaryň dogrulygynyň, saklanylmagynyň, ýöredilmeginiň bitewi görnüşde alnyp barylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen merkezleşdirilen maglumatlaryň jemi;
2) Döwlet sanawynyň maglumatlary — saýlawçynyň şahsy maglumatlary we saýlawçynyň saýlaw salgysy, onuň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän maglumatlar;
3) saýlawçynyň şahsy maglumatlary — saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, jynsy, milleti, saýlaw salgysy baradaky hem-de onuň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän maglumatlar;
4) saýlawçynyň saýlaw salgysy — saýlawçynyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige alnan) salgysy baradaky maglumatlar;
5) saýlawçylaryň Döwlet sanawyny dolandyryjy edara (mundan beýläk — Döwlet sanawyny dolandyryjy) — Döwlet sanawyny döretmek we ýöretmek işinde şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän we gözegçilikde saklaýan ygtyýarly edara;
6) saýlawçylaryň Döwlet sanawyny ýöredýän toparlar (mundan beýläk — Döwlet sanawyny ýöredijiler) — Döwlet sanawynyň ýöredilmegini üpjün edýän, maglumat goruna saýlawçy barada ýazgy girizmäge, saýlawçynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeleri girizmäge ygtyýarly topar.
3-nji madda. Döwlet sanawynyň esasy wezipeleri
Döwlet sanawynyň esasy wezipeleri şulardyr:
1) saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň hasaba alynmagyny guramak we ony ýöretmek;
2) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmek.
4-nji madda. Döwlet sanawyny ýöretmegiň esasy maksatlary
Döwlet sanawyny ýöretmegiň esasy maksatlary şulardyr:
1) şu Kanunda bellenilen tertipde saýlawçylar baradaky doly we dogry maglumatlary öz içine alýan, ol maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak bilen, saýlawçylaryň döwlet hasabyny üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek;
3) Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek.
5-nji madda. Döwlet sanawyny ýöretmegiň ýörelgeleri
Döwlet sanawyny ýöretmegiň ýörelgeleri şulardyr:
1) Döwlet sanawyny ýöretmek işinde kanunylyk we adam hukuklarynyň ileri tutulmagy — adamyň we raýatyň hukuklarynyň goralmagyny, Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalaryna laýyk gelmegini kepillendirmek;
2) Döwlet sanawynyň umumylygy — ählumumy saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek maksady bilen, raýatlary hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýerine (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerine (bellige alnan) garamazdan, saýlawçylaryň Döwlet sanawyna girizilmegini üpjün etmek;
3) Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň dolulygy we bitewüligi — Döwlet sanawynyň maglumat goruna saýlawçy baradaky maglumatlaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde doly girizilmegini, olaryň dogrulygyny, şeýle hem Döwlet sanawynyň maglumat goruny ýöretmegiň bitewi görnüşde alnyp barylmagyny üpjün etmek;
4) Döwlet sanawyndaky maglumatlaryň ygtybarlylygy — Döwlet sanawyny ýöredijilerde Döwlet sanawynyň maglumat gorunda saklanýan şahsy maglumatlaryň resminamalaýyn subutnamalarynyň, şeýle hem saýlawçynyň Döwlet sanawyna girizilmeginiň ýa-da Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlara üýtgetmeleriň girizilmeginiň şu Kanun bilen kesgitlenen esaslary baradaky maglumatlaryň bolmagyny üpjün etmek;
5) saýlawçynyň Döwlet sanawyna bir gezek girizilmegi — saýlawçyny diňe bir saýlaw salgysy boýunça sanawa girizmek we şoňa laýyklykda ony bir saýlaw uçastogyna degişli etmek;
6) Döwlet sanawynyň hemişelikligi — saýlawlaryň ýa-da sala salşyklaryň geçirilýän möhletlerine garamazdan, onuň hereket edýän wagtynyň kanunçylykda kesgitlenen möhletiniň ýokdugyny, şeýle hem Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary saklamagyň hemişelikdigini (şu Kanunyň 18-nji maddasynyň dördünji böleginde bellenilen möhletlerden beýleki halatlarda) göz öňünde tutmak;
7) Döwlet sanawynyň aýanlygy — Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryň şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde her bir saýlawçy üçin elýeterliligini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda kepillendirilen adam hukuklarynyň berjaý edilmegini, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň Döwlet sanawynyň ýöredilişine jemgyýetçilik gözegçiligini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmek;
8) Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň täzelenip durulmagy — şu Kanunda bellenilen möhletlerde we tertipde Döwlet sanawynyň maglumat goruna döwürleýin ýa-da goşmaça maglumatlaryň girizilmegini (ýazgylary girizmek ýa-da aýyrmak, Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary üýtgetmek ýa-da anyklamak) üpjün etmek;
9) Döwlet sanawynyň goraglylygy — Döwlet sanawynyň maglumat goruna bikanun girilmeginden we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanylmagyndan, Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan bikanun peýdalanylmagyndan, Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň we onuň enjamlaýyn ýa-da programma üpjünçiliginiň bitewüliginiň bozulmagyndan goralmagyny üpjün etmek.
6-njy madda. Döwlet sanawyny ýöretmegiň dili Döwlet sanawy Türkmenistanyň döwlet dilinde ýöredilýär.
7-nji madda. Döwlet sanawynyň maglumatlary
1. Saýlawçy hakyndaky şu Kanunda kesgitlenen şahsy maglumatlaryň aşakdaky görnüşleri Döwlet sanawyna girizilýär we Döwlet sanawynyň maglumat gorunda saklanylýar:
1) saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, jynsy, milleti;
2) saýlawçynyň saýlaw salgysy;
3) saýlawçynyň ses berýän ýeri we şertleri.
2. Saýlawçynyň şahsy maglumatlary doly däl bolsa, Döwlet sanawynda bu barada bellik edilýär.
3. Döwlet sanawyny ýöredijilere şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk maglumatlary toplamak, Döwlet sanawyna girizmek we Döwlet sanawynyň maglumat gorunda saklamak gadagan edilýär.
4. Döwlet sanawynyň maglumat gory we onuň islendik bölegi, maglumat gorunyň göçürmesi, Döwlet sanawynyň maglumat gorundaky saýlawçynyň şahsy maglumatlary (mundan beýläk — Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlary) diňe şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylyp bilner.
8-nji madda. Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň barabarlygy
1. Saýlawçynyň şahsyýetini takyk kesgitleýän şahsy maglumatlarynyň barabarlygy onuň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, doglan ýeri, hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige alnan) salgysy baradaky maglumatlary öz içine alýar. Saýlawçynyň atasynyň ady bolmadyk halatynda, bu barada bellik edilýär.
2. Türkmenistanyň çäginde doglan saýlawçynyň doglan ýeri Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň, şol ilatly ýeriň adynyň üýtgändigine ýa-da ýatyrylandygyna garamazdan, şahsyýetini tassyklaýan resminamasyna (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) laýyklykda bellenilýär.
9-njy madda. Saýlawçynyň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän şahsy maglumatlar
1. Saýlawçynyň ses berýän ýerini we şertlerini kesgitleýän şahsy maglumatlara şular degişlidir:
1) saýlawçynyň şu Kanunyň 10-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenen saýlaw salgysy;
2) saýlawçynyň degişli bolan saýlaw uçastogynyň belgisi;
3) saýlawçynyň ses berilýän jaýa esasly sebäbe görä (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýändigi baradaky maglumatlar.
2. Saýlawlarda ýa-da sala salşyklarda döredilýän we saýlawçynyň degişli bolan saýlaw uçastogy Döwlet sanawyny ýörediji we degişli saýlaw topary tarapyndan saýlawçynyň saýlaw salgysy baradaky maglumatlar esasynda kesgitlenýär.
3. Saýlawlarda ýa-da sala salşykda ses bermäge hukugy bolan saýlawçynyň esasly ýüztutmasy boýunça Döwlet sanawyny ýörediji we degişli saýlaw topary saýlawçynyň ses bermeli ýerini (saýlaw uçastogyny) onuň saýlaw salgysyny üýtgetmezden, wagtlaýyn (saýlawlaryň ýa-da sala salşygyň geçirilýän wagty) üýtgedip biler. Saýlawçy tarapyndan şeýle ýüztutma ses beriljek güne çenli azyndan otuz gün öňünden degişli saýlaw toparyna berilmelidir.
10-njy madda. Saýlawçynyň saýlaw salgysy
1. Saýlawçynyň saýlaw salgysy onuň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeriniň (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeriniň (bellige alnan) salgysydyr.
2. Wagtlaýyn bolýan ýeri (bellige alnan), hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri (ýazga alnan ýeri) bolmadyk saýlawçynyň saýlaw salgysy saýlawçynyň esasly ýüztutmasy boýunça Döwlet sanawyny ýörediji bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.
3. Harby bölümiň salgysy harby bölümiň çäginde bolýan harby gullukçy saýlawçylaryň, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň we beýleki saýlawçylaryň saýlaw salgysydyr.
4. Administratiw jogapkärçilige çekilip, administratiw taýdan tussag etmek temmisi berlen ýa-da jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda, tussag etmek görnüşinde ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerindäki saýlawçynyň saýlaw salgysy şol edaranyň salgysydyr.
5. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan saýlawçynyň saýlaw salgysy onuň ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdundaky poçta salgysydyr.
6. Saýlawçynyň saýlaw salgysynda şu maglumatlar görkezilýär:
1) ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdy;
2) Türkmenistanyň welaýaty, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheri, etraby, etrap hukukly şäheri, etrapdaky şäheri, şäherçesi, geňeşligi we obasy ýa-da ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan daşary ýurdunyň dolandyryş-çäk birligi (ştat, welaýat, ýer we beýlekiler);
3) ýaşaýyş jaý toplumy (binalar toplumynyň belgisi we beýlekiler);
4) köçe (şaýol, geçelge);
5) jaýyň belgisi;
6) öýüň (otagyň) belgisi;
7) poçta indeksi;
8) ýaşaýan (wagtlaýyn bolýan) ýurdunyň düzgünleri boýunça, saýlawçynyň poçta salgysy;
9) saýlaw salgysyny kesgitleýän beýleki maglumatlar.
11-nji madda. Döwlet sanawynyň saýlawçylar baradaky goşmaça maglumatlary
Döwlet sanawynyň saýlawçylar baradaky goşmaça maglumatlaryna şular degişlidir:
1) saýlawçynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen senesi;
2) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilen senesi (Döwlet sanawyna girizilen we Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen adamlar üçin);
3) kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen senesi (Döwlet sanawyna girizilen we kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlar üçin);
4) kämillik ukyply diýlip ykrar edilen senesi (Döwlet sanawyna girizilmedik we kazyýet tarapyndan kämillik ukyply diýlip ykrar edilen adamlar üçin);
5) azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň düzediş edaralaryndan boşadylan senesi (Döwlet sanawyna girizilmedik we azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmekden boşadylan adamlar üçin);
6) saýlawçynyň ölen senesi, ölen diýip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilen senesi (Döwlet sanawyna girizilen ölenler ýa-da nam-nyşansyz gidenler üçin);
7) Döwlet sanawyna girizilen adamy ölen diýip yglan etmek ýa-da nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek barada kazyýetiň kararynyň ýatyrylan senesi;
8) saýlawçynyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan (ýazga alnan) ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinden (bellige alnan) (onuň saýlaw salgysyna üýtgetmeler girizmezden) gidýändigi barada saýlawça berlen resminamanyň belgisi hem-de berlen wagty görkezilen, şeýle üýtgetmäni tassyklaýan resmi bellik;
9) saýlawçynyň çagyryş boýunça harby gullugy geçýändigi barada resmi bellik;
10) Döwlet sanawyny ýöredijiniň ygtyýarynda bar bolan we Döwlet sanawynyň maglumat goruna bellik girizmek ýa-da şahsy maglumatlary girizmek, şol şahsy maglumatlary üýtgetmek (anyklamak) ýa-da belligi aýyrmak üçin esas bolan resminamalara salgylanmalar (zerur maglumatlary görkezmek bilen).
12-nji madda. Saýlawçylaryň Döwlet sanawyna özara gatnaşygy
1. Her bir saýlawçynyň şulara hukugy bardyr:
1) Döwlet sanawyny ýöredijä özüniň şahsy maglumatlaryny bermäge;
2) Döwlet sanawyna özüniň girizilendigi (girizilmändigi) barada maglumat almaga;
3) degişli Döwlet sanawyny ýöredijiden Döwlet sanawyna girizilen öz şahsy maglumatlary barada, şu Kanunda bellenilen tertipde, islendik wagt, düşnükli görnüşde, doly maglumaty muzdsuz almaga;
4) özi ýa-da maşgala agzalary baradaky ýazgylaryň Döwlet sanawyna bikanun girizilendigi (girizilmändigi) ýa-da takyk däl maglumatlaryň düzedilmegi bilen baglylykda, degişli Döwlet sanawyny ýöredijä şu Kanunda bellenilen tertipde arza bilen ýüz tutmaga;
5) Döwlet sanawyny ýöredijiniň çözgütleri, hereketleri (hereketsizligi) barada kanunda bellenilen tertipde şikaýat etmäge;
6) Döwlet sanawyny ýöretmekde ýalňyşlyklara ýol berlen halatynda, kanun tarapyndan gadagan edilmedik islendik usullar bilen, öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga.
2. Saýlawçy şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, Döwlet sanawyny ýöredijä Döwlet sanawyna giriziljek öz ygtybarly şahsy maglumatlaryny berýär.
3. Saýlawçy Döwlet sanawyna özi barada birden köp gezek ýazgy girizilen halatynda, Döwlet sanawyny ýöredijä şeýle ýagdaýy aradan aýyrmaga ýardam berýär.
13-nji madda. Saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygynyň we howpsuzlygynyň kepillikleri
1. Saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet sanawyny dolandyryjy:
1) Döwlet sanawyny ýöredijiler, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we onuň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen bilelikde, Döwlet sanawynyň ýöredilýän wagtynda saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň goragyny, şol sanda Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň bitewüliginiň, onuň enjamlarynyň we programma üpjünçiliginiň, Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygynyň goraglylygyny, oňa bikanun girilmeginden, bikanun ulanylmagyndan, bikanun göçürilmeginden, ýoýulmagyndan, Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň bikanun aýrylmagyndan goralmagyny, saýlawçylaryň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygyny şu Kanuna, şahsy durmuş barada maglumat, ony goramak we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda üpjün edýärler;
2) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we onuň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Döwlet sanawynyň şahsy we beýleki maglumatlaryny saklamak, gaýtadan işlemek, telekommunikasiýa ugurlary boýunça ibermek işinde tehniki goragy üpjün etmek üçin çäreleriň toplumyny amala aşyrýar;
3) Döwlet sanawynyň maglumatlarynyň goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Döwlet sanawyny ýöredijiler üçin Döwlet sanawynyň maglumat goruna girmegiň tertibini, hususan-da, Döwlet sanawyny ýöretmek, şu Kanunda göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirmek we Kanunyň talaplaryny berjaý etmek üçin jogapkär adamlaryň jogapkärçiligini göz öňünde tutýan Tertibi belleýär.
2. Döwlet sanawynyň goragynyň bozulmagy, Döwlet sanawyndan bikanun peýdalanylmagy ýa-da oňa girilmegi, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanylmagy, Döwlet sanawynyň bitewüliginiň bozulmagy, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň ýoýulmagy ýa-da şu Kanunyň talaplaryny bozup aýrylmagy, Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň ýa-da onuň bölekleriniň şu Kanunyň talaplaryny bozup göçürilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
14-nji madda. Döwlet sanawyny ýöretmegiň görnüşi
1. Döwlet sanawy Döwlet sanawyny dolandyryjy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan işlenip düzülýän klassifikatory ulanmak arkaly elektron görnüşde ýöredilýär.
2. Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň ýazgysy Döwlet sanawynyň maglumat goruna şu Kanunyň 7 — 11-nji maddalarynda göz öňünde tutulan, saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň ählisiniň jemi görnüşinde girizilýär. Döwlet sanawynda saýlawçylaryň her birine bir ýazgy degişlidir.
3. Döwlet sanawynyň nädogry maglumatlary şulardyr:
1) Döwlet sanawynyň maglumat goruna saýlawçy barada bir gezekden köp girizilen ýazgy;
2) saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň özara gapma-garşy gelmegi.
4. Döwlet sanawynda bir saýlawçy barada bir gezekden köp girizilen ýazgy ýüze çykarylan ýagdaýynda, artykmaç ýazgylar, şu Kanunda bellenilen tertipde, Döwlet sanawyny dolandyryjy bilen ylalaşylyp aýrylýar. Beýleki nädogry maglumatlary düzetmek şu Kanunyň 20-nji, 21-nji, 23-nji we 24-nji maddalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
5. Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna innowasion sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly awtomatlaşdyrylan gözegçilik Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilen tertipde yzygiderli amala aşyrylýar.
II BAP. SAÝLAWÇYLARYŇ DÖWLET SANAWYNY DÜZGÜNLEŞDIRÝÄN EDARALAR
15-nji madda. Saýlawçylaryň Döwlet sanawynyň edaralary
1. Saýlawçylaryň Döwlet sanawyny düzgünleşdirýän edaralara (mundan beýläk — Döwlet sanawynyň edaralary) şular degişlidir:
1) Döwlet sanawyny dolandyryjy;
2) Döwlet sanawyny ýöredijiler.
2. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Döwlet sanawyny dolandyryjydyr.
Döwlet sanawyny dolandyryjy:
1) Döwlet sanawyny döretmek we ýöretmek işinde şu Kanunyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär we gözegçilikde saklaýar;
2) Döwlet sanawynyň işini guramaçylyk we tehnologik taýdan üpjün edýär;
3) Döwlet sanawynyň sanly maglumat ulgamynyň işlemegi üçin enjamlaryň, harytlaryň satyn alynmagyny, işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;
4) Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň bitewüligine, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň dolulygyna we dogrulygyna gözegçiligi üpjün edýär we Döwlet sanawynda ýüze çykarylan nädogry maglumatlaryň Döwlet sanawyny ýöredijiler tarapyndan barlanylmagyny we düzedilmegini guraýar;
5) şu Kanuna laýyklykda, Döwlet sanawyny ýöredijilere Döwlet sanawynyň maglumat gorundan peýdalanmaga hukuk berýär we peýdalanmagyň Tertibini kesgitleýär;
6) klassifikatory ýöretmegi amala aşyrýar;
7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
3. Döwlet sanawyny dolandyryjynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden karary Döwlet sanawyny ýöredijiler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, olaryň wezipeli adamlary we işgärleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar, guramalar üçin hökmanydyr.
4. Döwlet sanawyny dolandyryjy Döwlet sanawyna ýazgylary girizmegi, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryny üýtgetmegi we Döwlet sanawynyň ýazgylaryny aýyrmagy guramaga ygtyýarlydyr.
5. Etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň — häkimligiň ýanynda döredilýän ýörite topar Döwlet sanawyny ýöredijidir. Topary döretmegiň we onuň işiniň Tertibi Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilýär.
6. Döwlet sanawyny ýöredijiniň ygtyýarlyklary degişli etrabyň, etrap hukukly şäheriň çägine degişlidir.
7. Döwlet sanawyny ýörediji şu Kanunda we Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilen tertipde Döwlet sanawynyň ýöredilmegini üpjün edýär.
8. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyny ýöretmek işi bilen baglanyşykly resminamalarda görnüşi Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan tassyklanylan, öz ady ýazylan möhüri, möhürçeleri we resmi blanky ulanýar.
9. Döwlet sanawyny ýöredijiniň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan saýlawçylara dahylly işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň degişli düzüm birligi amala aşyrýar.
16-njy madda. Döwlet sanawyny ýöredijiniň Döwlet sanawynyň maglumat goruna girmeginiň tertibi
1. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan kesgitlenen tertipde, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryna girmäge ygtyýarlydyr.
2. Döwlet sanawynyň maglumat goruna täze ýazgylary, üýtgetmeleri girizmek hem-de onuň ýazgylaryny aýyrmak şu Kanunda bellenilen esaslarda we tertipde hem-de Döwlet sanawyny dolandyryjynyň şu Kanuna laýyklykda kabul eden kararlaryna laýyklykda, maglumatyň geliş ýagdaýyna görä, Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan amala aşyrylýar.
III BAP. SAÝLAWÇYLARYŇ DÖWLET SANAWYNY ÝÖRETMEK
17-nji madda. Döwlet sanawyny ýöretmek boýunça hereketler
1. Döwlet sanawyny ýöretmek aşakdaky hereketleri öz içine alýar:
1) Döwlet sanawynyň maglumat goruna saýlawçy barada ýazgynyň girizilmegini;
2) Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeleriň girizilmegini;
3) Döwlet sanawynyň ýazgysynyň aýrylmagyny;
4) Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň ätiýaçlyk nusgalarynyň yzygiderli alnyp durulmagyny.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hereketleriň ýerine ýetirilmegi, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly, Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilen tertipde we nusgada Döwlet sanawynyň maglumat goruny üýtgetmek boýunça edilen ähli hereketleriň hasabyny ýöredýär.
18-nji madda. Döwlet sanawyny ýöretmek boýunça hereketleri ýerine ýetirmegiň esaslary
1. Şahsyň saýlaw hukugyna eýe bolandygyny tassyklaýan aşakdaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly resminamalaryň bellenilen tertipde degişli Döwlet sanawyny ýöredijä berilmegi Döwlet sanawynyň maglumat goruna ýazgy girizmek üçin esas bolup durýar:
1) şahsyň 18 ýaşynyň dolmagy;
2) şahsyň Türkmenistanyň raýatlygyny almagy;
3) kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilendigi sebäpli, öň Döwlet sanawyna girizilmedik raýatyň kazyýet tarapyndan kämillik ukyply diýlip ykrar edilmegi;
4) azatlykdan mahrum etmäge iş kesilendigi sebäpli, öň Döwlet sanawyna girizilmedik azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleriň düzediş edaralaryndan boşadylmagy;
5) saýlaw hukugy bar bolan raýatyň Döwlet sanawyna girizilmändiginiň ýüze çykarylmagy.
2. Degişli üýtgetmeleri tassyklaýan resminamalaryň Döwlet sanawyny ýöredijä bellenilen tertipde berilmegi, şol sanda innowasion sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly awtomatlaşdyrylan gözegçilik netijesinde saýlawçy baradaky maglumatlaryň doly däldiginiň ýa-da nädogrudygynyň ýüze çykarylmagy Döwlet sanawyna girizilen saýlawçynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeler girizmek barada netijä gelmek üçin esasdyr.
3. Döwlet sanawynyň ýazgylaryny aýyrmak üçin esaslar şulardyr:
1) ölen, nam-nyşansyz giden ýa-da Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen saýlawçy baradaky ýazgylary saklamagyň şu maddanyň dördünji böleginde bellenilen möhletiniň tamamlanmagy;
2) Döwlet sanawynyň maglumat gorunda saýlaw hukugy bolmadyk adam hakynda ýazgynyň ýüze çykarylmagy we muny tassyklaýan resminamalaryň Döwlet sanawyny ýöredijä bellenilen tertipde berilmegi;
3) Döwlet sanawyny dolandyryjynyň Döwlet sanawyndaky artykmaç ýazgylary aýyrmak hakynda karary.
4. Döwlet sanawynyň maglumat gorundaky ölen, nam-nyşansyz giden ýa-da Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen adam baradaky ýazgy bäş ýyllap degişli bellik bilen saklanylýar.
19-njy madda. Döwlet sanawyny ýöredijä resminamalary bermegiň tertibi
Şu Kanunyň 18-nji maddasynda görkezilen resminamalar degişli Döwlet sanawyny ýöredijä şu tertipde berlip bilner:
1) şahsyň öz başlangyjy boýunça ýüz tutmagy;
2) Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň döwürleýin täzelenip durulmagy;
3) Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlarynyň anyklanylmagy.
20-nji madda. Raýatyň öz başlangyjy boýunça özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada
Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagynyň tertibi
1. Döwlet sanawyna girizilmändigine göz ýetiren saýlaw hukukly raýat özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada degişli Döwlet sanawyny ýöredijä öz başlangyjy bilen ýüz tutup biler.
2. Raýat özi baradaky maglumatlary görkezmek bilen, Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan kesgitlenen görnüşde Döwlet sanawyny ýöredijä ýazmaça arza berýär we şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezýär. Saýlawçynyň raýatlygyny tassyklaýan Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy arzanyň ýanyna goşulýar. Saýlawçynyň ses berilýän jaýa esasly sebäbe görä (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýändigi baradaky maglumatlar, degişli ýagdaýy tassyklaýan resminama bilen bilelikde, berlen arzada görkezilýär.
3. Saýlaw hukukly raýat Türkmenistanyň çäginiň daşynda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan wagtynda ýaşaýan ýeri ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeri boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasyna we konsullyk edarasyna (mundan beýläk — Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasy) özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen görnüşdäki arza bilen ýüz tutup biler. Arzanyň ýanyna saýlawçynyň şahsyýetini we raýatlygyny tassyklaýan resminamanyň — Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň, diplomatik pasportynyň, gulluk pasportynyň nusgasy goşulýar. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy arzany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine iberýär.
4. Özüniň Döwlet sanawyna girizilmegi barada arza bilen ýüz tutan saýlawçynyň saýlaw salgysy şu Kanunyň 10-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenilýär.
5. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyna girizilmegi barada arza bilen ýüz tutan şahsyň şol wagta çenli Döwlet sanawyna girizilendigini ýa-da girizilmändigini barlaýar, şeýle hem zerurlyk bolan halatynda, Döwlet sanawyna girizilmegi üçin zerur bolan ýazgylar barada arzada görkezilen maglumatlary şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen degişli edaralara ýüz tutmak arkaly barlaýar.
6. Şu Kanunyň 18-nji maddasynyň ikinji böleginde kesgitlenilen esaslar bar bolsa, Döwlet sanawyny ýörediji degişli üýtgetmäni Döwlet sanawyna girizýär. Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçy baradaky maglumatlary barlap ýa-da anyklap biler.
7. Saýlawçynyň maglumatlary Döwlet sanawyna girizilen halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçynyň Döwlet sanawyna girizilendigi barada bellenilen tertipde oňa habar berýär.
8. Döwlet sanawyny ýörediji şahsyň arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz dönderýär, eger:
1) şeýle şahsyň ses bermek hukugynyň ýokdugy anyklanylan bolsa;
2) şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan barlag netijesinde arzada görkezilen we degişli edara tarapyndan berlen maglumatlaryň laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan bolsa.
Şahsy maglumatlaryny Döwlet sanawyna girizmekden ýüz dönderilen şahsa onuň sebäplerini görkezmek bilen, bu barada bellenilen tertipde habar berilýär.
21-nji madda. Saýlawçynyň öz başlangyjy bilen, onuň şahsy maglumatlaryny üýtgetmek boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagynyň tertibi
1. Şahsy maglumatlary üýtgän halatynda, saýlawçy Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryna üýtgetme girizmek barada öz saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä arza bilen ýüz tutup biler. Şol üýtgetmeleri tassyklaýan resminamalar (resminamalaryň nusgalary) arza goşulýar. Arza resminamalaryň nusgalary goşulan halatynda, olaryň asyl nusgalary Döwlet sanawyny ýöredijä görkezilýär. Saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçy şeýle arzany bermäge başga adamy wekil edinip biler.
Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan saýlawçy Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki degişli diplomatik wekilhanasyna arza bilen ýüz tutup biler. Şol diplomatik wekilhana arzany oňa goşulan resminamalar (olaryň nusgalary) bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine haýal etmezden iberýär.
2. Saýlawçy saýlaw salgysynyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüz tutan halatynda, Döwlet sanawyny ýöredijä täze saýlaw salgysy boýunça arzasyny berýär, arza saýlawçynyň saýlaw salgysynyň üýtgändigini tassyklaýan resminamalar (resminamalaryň nusgalary) goşulýar.
3. Döwlet sanawyny ýörediji şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen degişli edaralara ýüz tutmak arkaly, arzada görkezilen saýlawçynyň şahsy maglumatlaryndaky üýtgetmeleri barlap biler. Zerurlyk ýüze çykan halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçynyň Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryna degişli üýtgetmeleri girizýär.
4. Saýlawçy saýlaw salgysyny üýtgetmek barada arza bilen ýüz tutan halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji arzanyň esaslylygyny öwrenýär. Öwrenmegiň netijesinde Döwlet sanawyny ýörediji aşakdakylar barada çözgüde gelip biler:
1) Döwlet sanawyna saýlawçynyň saýlaw salgysy bilen bagly üýtgetme girizmek;
2) saýlawçynyň saýlaw salgysyna degişli üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygy barada saýlawçynyň ozalky saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä (eger saýlawçynyň ozalky saýlaw salgysy şu Döwlet sanawyny ýöredijiniň ygtyýarlyklaryndaky çäklere degişli däl bolsa) Döwlet sanawynyň merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamynyň serişdeleriniň kömegini sorap ýüz tutmak;
3) saýlawçynyň saýlaw salgysyna üýtgetme girizmekden ýüz döndermek.
5. Saýlawçynyň Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryna üýtgetmeler girizilen halatynda, üýtgetme girizen Döwlet sanawyny ýörediji bu barada ony bellenilen tertipde habardar edýär.
6. Döwlet sanawyny ýörediji şu sebäplere görä saýlawçynyň arzasyny kanagatlandyrmakdan ýüz dönderýär:
1) arza bilen ýüz tutan raýatyň Döwlet sanawyna girizilmändiginiň esaslydygy anyklanylan bolsa;
2) arzada görkezilen we degişli edara tarapyndan berlen maglumatlaryň mazmunynyň laýyk gelmeýändigi barlag arkaly ýüze çykarylan bolsa;
3) saýlaw salgysyny üýtgetmek baradaky arza esassyz diýlip ykrar edilse;
4) saýlawçynyň Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryna ozal degişli üýtgetmeleriň girizilendigi anyklanan bolsa.
7. Arza bilen ýüz tutan raýata arzanyň kanagatlandyrylmandygy barada bellenilen tertipde habar berilýär.
8. Eger-de arza bilen ýüz tutan saýlawçy ozal Döwlet sanawyna girizilmedik bolsa, onda Döwlet sanawyny ýörediji degişli edaralara, guramalara resmi ýüztutma ibermek bilen, arzada görkezilen maglumatlary barlaýar we şol saýlawçyny Döwlet sanawyna girizmek barada netijä gelýär. Şeýle netijä gelmezden ozal, Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçy baradaky maglumatlary barlap ýa-da anyklap biler.
22-nji madda. Saýlawçynyň Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmagy
1. Saýlawçy Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny görkezip, Döwlet sanawyndaky öz şahsy maglumatlary bilen bagly meseleler barada özüniň saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutup biler.
2. Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan saýlawçy Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny, diplomatik pasportyny, gulluk pasportyny görkezip, ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan ýeri boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasyna ýüz tutup biler. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki diplomatik wekilhanasy ýüztutmany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen, Döwlet sanawyny dolandyryja iberýär.
3. Döwlet sanawyny ýörediji ýüztutmany alan gününden başlap, on iş gününiň dowamynda şu Kanunyň 8-nji we 9-njy maddalarynyň birinji böleklerinde görkezilen, Döwlet sanawynyň degişli ýazgylaryny öz içine alýan saýlawçynyň şahsy maglumatlaryny doly çap edilen görnüşde saýlawçynyň saýlaw salgysyna iberýär. Görkezilen maglumatlar Döwlet sanawyny ýöredijiniň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanylýar.
23-nji madda. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary döwürleýin täzelemegiň tertibi
1. Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň her ýarymýyllykda täzelenmegini amala aşyrýar.
Döwlet sanawynyň maglumat gorunyň täzelenmegi şu maddanyň üçünji — ýedinji we on dördünji böleklerinde görkezilen edaralar tarapyndan Döwlet sanawyny ýöredijä berilýän maglumatlar esasynda amala aşyrylýar.
Şu maddanyň sekizinji — on birinji böleklerinde görkezilen edaralaryň ýolbaşçylary döwürleýin täzelenen maglumatlary kesgitlenen möhletde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň (mundan beýläk — Merkezi saýlaw topary) ýanynda döredilýän ýörite topara berýärler. Topar maglumatlary seljerip, degişlilikde Döwlet sanawyny ýöredijilere berýär.
2. Şu maddada göz öňünde tutulan maglumatlar degişli Döwlet sanawyny ýöredijä geçen ýarymýyllykdan soňky gelýän aýyň 5-ne çenli berilýär.
3. Raýatlary ýazga, bellige almak boýunça işi amala aşyrýan edaralar, wezipeli adamlar şu aşakdakylar barada maglumatlary berýärler:
1) degişli dolandyryş-çäk birliginde ýaşaýan ýeri boýunça ýazga, bellige alnan, nobatdaky ýarymýyllykda 18 ýaşyny doldurýan Türkmenistanyň raýatlary;
2) geçen ýarymýyllykda Türkmenistanyň raýatlygyny we Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny alan adamlar;
3) familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, doglan senesiniň ýa-da ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi bilen baglylykda, geçen ýarymýyllykda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny alan saýlawçylar;
4) geçen ýarymýyllykda ýaşaýan ýeri boýunça degişli dolandyryş-çäk birliginde ýazga, bolýan ýeri boýunça bellige alnan saýlawçylar;
5) geçen ýarymýyllykda degişli dolandyryş-çäk birliginde ýaşaýan ýeri boýunça ýazgydan, bolýan ýeri boýunça bellikden çykarylan saýlawçylar;
6) geçen ýarymýyllykda Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen adamlar.
4. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyny döwlet belligine almaga hukugy bolan edaralaryň ýolbaşçysy geçen ýarymýyllykda ölümi döwlet belligine alnan saýlawçylar barada degişli Döwlet sanawyny ýöredijä maglumat berýär.
5. Etrap, etrap hukukly şäheriň harby wekilliginiň ýolbaşçysy geçen ýarymýyllykda harby hasapdan çykarylan we harby hasaba alnan saýlawçylar barada maglumatlary berýär.
6. Degişli etrap, etrap hukukly şäher kazyýetleri şular barada maglumatlary berýärler:
1) geçen ýarymýyllykda kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen saýlawçylar;
2) geçen ýarymýyllykda nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen saýlawçylar;
3) geçen ýarymýyllykda kämillik ukyply diýlip ykrar edilenler.
7. Degişli etrap, etrap hukukly şäher saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary ses berilýän jaýa esasly sebäbe görä (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýändigi geçen ýarymýyllykda anyklanylan saýlawçylar barada maglumat berýärler.
8. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çäresini çekmekden boşadylan adamlar barada düzediş edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň üsti bilen geçen ýarymýyllykda bu edaradan jezasyny çekmekden boşadylan raýatlar barada maglumat berýärler.
9. Hünär-tehniki bilim, orta we ýokary hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylary edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça bellige alnan ses bermäge hukukly şu aşakdakylar barada maglumatlary berýärler:
1) geçen ýarymýyllykda bu edarada bellige alnan raýatlar;
2) geçen ýarymýyllykda bu edaradan bellikden çykarylan raýatlar.
10. Gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlaryň ýolbaşçylary bu edaranyň ýerleşýän ýerinde ýaşaýan, degişli tertipde bellige alnan ses bermäge hukukly şu aşakdakylar barada maglumatlary berýärler:
1) geçen ýarymýyllykda bu edarada bellige alnan raýatlar;
2) geçen ýarymýyllykda bu edaradan bellikden çykarylan raýatlar.
11. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Döwlet sanawyny ýöredijä berilmegi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu aşakdakylar barada maglumatlary berýär:
1) indiki ýarymýyllykda 18 ýaşy dolýan Türkmenistanyň raýatlary;
2) geçen ýarymýyllykda Türkmenistanyň raýatlygyny we Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny alan adamlar;
3) geçen ýarymýyllykda Türkmenistanyň raýatlygy bes edilenler;
4) geçen ýarymýyllykda degişli konsullyk edarasynyň çäklerinde konsullyk hasabyna alnan ýa-da konsullyk hasabyndan çykarylan Türkmenistanyň raýatlary — saýlawçylar;
5) geçen ýarymýyllykda familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, doglan senesini ýa-da ýaşaýan ýerini üýtgeden Türkmenistanyň raýatlary;
6) ölen, nam-nyşansyz giden we geçen ýarymýyllykda degişli çäkde döwletiň degişli ygtyýarly edaralary tarapyndan ölüm, nam-nyşansyz gidenligi hakynda şahadatnama ýa-da başga resminama berlen saýlawçylar.
12. Maglumatlar sanaw görnüşinde, ýazgylar we sahypalar yzygiderli belgilenip berilýär. Berilýän maglumatlaryň anyklygy degişli döwlet edarasynyň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanylýar. Maglumaty bermegiň görnüşi Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan kesgitlenýär. Maglumatlar çap edilen görnüşde we elektron göterijide berilýär.
13. Saýlawlar ýa-da sala salşyklar geçirilýän wagty, şu maddada göz öňünde tutulan maglumatlar degişli edaralar tarapyndan şu Kanunyň 28-nji, 29-njy maddalarynda görkezilen aýratynlyklary we möhletleri göz öňünde tutmak bilen berilýär.
14. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary täze we ady üýtgedilen köçeleriň (şaýollaryň, geçelgeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we beýlekileriň) atlandyrylyşy, degişli ilatly ýerde täze jaýlara belgileriň berlişi we bar bolan jaýlaryň belgilerindäki üýtgetmeler barada maglumatlary şu maddada bellenilen möhletlerde Döwlet sanawyny ýöredijä berýärler. Görkezilen maglumatlar şol wezipeli adamyň goly we degişli edaranyň möhüri bilen tassyklanylýar.
15. Döwlet sanawyny ýörediji şu maddanyň üçünji — on birinji we on dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlaryň esasynda, saýlawçylaryň her biri babatda aşakdaky çözgütlere gelip biler:
1) şu Kanunyň 18-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan esaslar bar bolan halatynda, Döwlet sanawynyň maglumat goruna saýlawçy barada ýazgy girizmek hakynda;
2) şu Kanunyň 18-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan esaslar bar bolan halatynda, saýlawçynyň şahsy maglumatlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek hakynda;
3) sanly maglumat ulgamynyň serişdelerini ulanyp, saýlawçynyň şahsy maglumatlaryny üýtgetmegiň zerurlygy barada saýlawçynyň öňki saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutmak hakynda;
4) degişli çäkden çykyp giden saýlawçylaryň şahsy maglumatlaryna bellikleri girizmek hakynda.
16. Harby bölümiň (goşun bölümi) ýerleşýän çäginden harby gullugy geçip giden harby gullukçylaryň we olaryň şu harby bölümiň çäginde bolan saýlaw hukukly maşgala agzalarynyň saýlaw salgysy saýlawçynyň soňky ýaşaýan öýüniň salgysy boýunça kesgitlenýär.
17. Döwlet sanawyny ýörediji şu maddanyň on birinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlaryň esasynda, saýlawçylaryň (adamlaryň) saýlaw salgylaryna degişli üýtgetmeleri girizmek barada netijä gelýär.
18. Dolandyryş-çäk bölünişigiň üýtgemegi, dolandyryş-çäk birligiň, ilatly ýeriň adyny üýtgetmek barada karar kabul edilen bolsa, üýtgetmeler ýa-da adyny üýtgetmek baradaky degişli resminamanyň esasynda Döwlet sanawyny ýöredijiniň ýolbaşçysy üýtgetmeler bilen baglanyşykly saýlawçylaryň (adamlaryň) doglan ýerine ýa-da saýlaw salgylaryna degişli üýtgetmeleri girizmek barada çözgüt çykarýar.
19. Eger şu maddanyň üçünji — on birinji we on dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlarda saýlaw hukugyny alan ýa-da saýlaw hukugy bolan, ýöne Döwlet sanawyna girizilmedik adamlar görkezilen bolsa, Döwlet sanawyny ýörediji şol saýlawçylar baradaky ýazgylary Döwlet sanawyna girizmek barada netijä gelýär.
20. Eger şu maddanyň üçünji — on birinji we on dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlaryň mazmunyndan saýlaw salgysy Döwlet sanawyny ýöredijiniň ygtyýarlyklarynyň çygrynyň çäklerine degişli bolan saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň üýtgändigi mälim bolsa, hususan-da, eger saýlawçynyň saýlaw salgysy bu çäkde üýtgän bolsa, Döwlet sanawyny ýörediji şeýle saýlawçynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeler girizýär.
Şahsy maglumatlara üýtgetmeler girizmek şu Kanunyň 21-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçy baradaky maglumatlary barlamak ýa-da anyklamak üçin onuň özüne ýüz tutup biler.
21. Eger şu maddanyň üçünji — on birinji we on dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan maglumatlarda saýlaw salgysy Döwlet sanawyny ýöredijiniň ygtyýarlyklarynyň çäkleriniň daşynda ýerleşýän saýlawçy görkezilen bolsa, Döwlet sanawynyň sanly maglumat ulgamy arkaly şol saýlawçynyň saýlaw salgysy boýunça Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeler girizmegiň zerurlygy barada Döwlet sanawyny dolandyryja ýüz tutýar. Döwlet sanawyny ýörediji degişli netijä gelmezden ozal, saýlawçy baradaky maglumatlary barlamak ýa-da anyklamak üçin onuň özüne ýüz tutup biler.
24-nji madda. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary anyklamak
1. Saýlawçynyň şahsy maglumatlarynyň Döwlet sanawyna girizilmändigi, bikanun ýa-da birden köp gezek girizilendigi we saýlawçynyň şahsy maglumatlarynda ýalňyşlyklaryň bardygy ýüze çykarylan halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary anyklamak boýunça iş amala aşyrylýar.
2. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary anyklamak Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan şu Kanunyň 23-nji maddasynda kesgitlenen edaralara resmi ýüz tutmak arkaly amala aşyrylýar.
3. Saýlawlar ýa-da sala salşyklar döwründe Döwlet sanawyny ýöredijiniň resmi ýüztutmasyna degişli edaralar haýal etmezden jogap berýärler.
4. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlary anyklamagyň netijelerine esaslanyp, şu Kanunda kesgitlenen esaslar ýüze çykan halatynda, Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawyny ýöretmek üçin şu Kanunda göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirýär. Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçy baradaky maglumatlary barlamak ýa-da anyklamak maksady bilen, saýlawça ýüzlenip biler.
25-nji madda. Döwlet sanawynyň maliýeleşdirilmegi
Döwlet sanawyny döretmek, ýöretmek we onuň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar.
IV BAP. DÖWLET SANAWYNDAKY ŞAHSY MAGLUMATLARDAN PEÝDALANMAK
26-njy madda. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan peýdalanmagyň maksatlary
1. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görülýän döwürde Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan diňe şu maksatlar üçin peýdalanylyp bilner:
1) saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň deslapky sanawlaryny düzmek;
2) saýlawçylaryň deslapky sanawlaryny anyklamak we saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň gutarnykly (takyklanan) sanawlaryny düzmek;
3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, Merkezi saýlaw toparyna, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlaryna degişli çäkdäki saýlawçylaryň san düzümi barada statistik maglumatlary bermek;
4) şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan saýlawçylar baradaky maglumatlary barlamak.
2. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan şu Kanunyň 29-njy maddasynda görkezilen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak üçin peýdalanylyp bilner.
3. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan şu Kanunda kesgitlenen tertipde we çäklerde Döwlet sanawynyň ýöredilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak üçin peýdalanylyp bilner.
4. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlardan şu maddada görkezilenlerden başga maksatlar üçin peýdalanmaga diňe kazyýetiň karary bilen ýol berilýär.
27-nji madda. Saýlawçylaryň deslapky sanawlaryny düzmek
1. Saýlawlar, sala salşyklar bellenilenden soň, Döwlet sanawyny ýörediji Döwlet sanawynyň maglumatlaryna esaslanyp, her bir saýlaw uçastogy boýunça saýlawçylaryň deslapky sanawyny düzýär.
2. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda we ýerli sala salşyklarda saýlawçylaryň deslapky sanawlary daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklary boýunça düzülmeýär.
3. Döwlet sanawyny ýörediji şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen nobatdaky döwürleýin täzelenen maglumatlaryň esasynda düzülen saýlawçylaryň deslapky sanawyny uçastok saýlaw toparyna saýlaw uçastoklarynyň döredilen gününden soň on gün möhletiň içinde berýär. Şeýle maglumatlar geçen senenama aýynyň birinji gününden başlap, bu maglumatyň iberilýän senesine çenli döwri öz içine alýar.
4. Saýlawçylaryň deslapky sanawyna saýlawlaryň, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli (saýlawlar, sala salşygyň güni hem) on sekiz ýaşy dolan we saýlaw hukugy bolan hem-de Döwlet sanawynyň maglumatlaryna görä, şol saýlaw uçastogyna degişli bolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär.
5. Saýlawçylaryň deslapky sanawlary Merkezi saýlaw toparynyň bellän nusgasyna laýyklykda düzülýär.
6. Saýlawçylaryň deslapky sanawynda saýlawçylaryň yzygiderli sany we sahypalaryň sany görkezilýär. Sanawdaky saýlawçylar baradaky maglumatlar saýlaw salgylarynyň tertibi boýunça görkezilýär, munuň özi saýlawçylaryň sanawynda birmeňzeş saýlaw salgysy bolan saýlawçylar baradaky maglumatlaryň ýanaşyk durmagy üçin zerurdyr. Saýlawçylaryň deslapky sanawynda şular görkezilýär:
1) saýlawçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady (bar bolsa);
2) doglan senesi;
3) saýlawçynyň saýlaw salgysy;
4) saýlawçynyň ses berilýän jaýa esasly sebäbe görä (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýändigi barada bellik — «Bellikler» sütüninde.
7. Her saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň deslapky sanawy çap edilen iki nusgada we elektron göterijide bolmalydyr. Degişli saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň deslapky sanawynyň çap edilen nusgalary Döwlet sanawyny ýöredijiniň möhüri we onuň ýolbaşçysynyň goly bilen tassyklanylýar.
28-nji madda. Saýlawçylaryň anyklanan we gutarnykly sanawyny düzmek
1. Saýlawçylaryň deslapky sanawyna girizilmändigi, nädogry girizilendigi ýa-da şahsy maglumatlaryndaky nädogrulyklar barada saýlaw toparlaryna gelip gowşan ýüztutmalar degişli Döwlet sanawyny ýöredijä geçirilýär.
2. Uzak we barmasy kyn bolan ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw jogapkärçilige çekilip, administratiw taýdan tussag etmek temmisi berlen ýa-da jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda tussag etmek görnüşinde ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde döredilen saýlaw uçastogynyň uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň deslapky sanawyny özbaşdak düzýär. Soňra saýlawçylaryň deslapky sanawyna girizilen we bu sanawdan çykarylan saýlawçylar baradaky maglumaty (anyklanan tertibinde hem), şol saýlaw uçastogynyň degişli bolup durýan Döwlet sanawyny ýöredijisine berýär.
Harby bölümlerde, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastogynyň uçastok saýlaw topary saýlawçylaryň deslapky sanawyny özbaşdak düzýär. Soňra saýlawçylaryň deslapky sanawyna girizilen we bu sanawdan çykarylan saýlawçylar baradaky maglumaty (anyklanan tertibinde hem) Merkezi saýlaw toparynyň kesgitlän Tertibine laýyklykda, onuň ýanynda döredilen ýörite topara berýär. Topar maglumatlary seljerip, olary degişli Döwlet sanawyny ýöredijä iberýär. Döwlet sanawyny ýörediji iberilen maglumatlary maglumat goruna girizýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýüztutmalary alan Döwlet sanawyny ýörediji şu Kanunyň 20-nji, 21-nji maddalarynda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrýar we bu barada saýlawça habar berýär.
4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen maglumatlary alan Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçynyň başga saýlaw uçastoklaryndaky saýlawçylaryň sanawyna girizilendigi sebäpli, öz saýlaw salgysy boýunça ses berip bilmejek saýlawçylar barada Döwlet sanawynyň maglumat goruna degişli bellikleri girizýär.
5. Şu Kanunyň 23-nji maddasynyň üçünji — on birinji, on dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan edaralar Döwlet sanawyny ýöredijä saýlawlar, sala salşyklar geçirilýän ýylda täzelenen maglumatlary berýärler. Maglumat saýlawçylaryň deslapky sanawy üçin maglumat berlen gününden başlap, bu maglumatyň berlen gününe çenli döwürdäki täzelenen maglumatlardyr, ol saýlawçylaryň anyklanan sanawydyr.
6. Türkmenistanyň çägindäki we daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklary boýunça saýlawçylaryň anyklanan sanawy Döwlet sanawyny dolandyryjy tarapyndan bellenilen nusgada Döwlet sanawyny ýörediji tarapyndan düzülýär.
7. Döwlet sanawyny ýörediji saýlawçylaryň anyklanan sanawyny saýlawlarda ýa-da sala salşyklarda ses beriljek güne çenli ýigrimi gün öňünden uçastok saýlaw toparyna berýär.
8. Saýlawçylaryň gutarnykly (takyklanan) sanawy Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan nusgasyna laýyklykda, uçastok saýlaw topary tarapyndan düzülýär, oňa girizilen ýa-da ondan çykarylan saýlawçylar, şeýle hem saýlawçylaryň anyklanan sanawynda üýtgetmeler girizilen saýlawçylar barada maglumatlary uçastok saýlaw topary şu Kanunyň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde degişli Döwlet sanawyny ýöredijä berýär.
29-njy madda. Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlaryň kömegi bilen, saýlawçylar baradaky maglumatlaryň ygtybarlylygynyň barlanylmagy
Raýatlaryň toparlary tarapyndan saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller ýa-da degişli saýlawlar boýunça dalaşgärler hödürlenilende, milli synçylar bellenilende şol ýygnaklara gatnaşan, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek boýunça teklipçi toparlaryň agzalarynyň ýa-da sala salşyk boýunça teklipçi toparlaryň agzalarynyň we gol çekilýän kagyzça gollaryny goýan Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumatlarynyň takyklygyny barlamak üçin Merkezi saýlaw topary Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryny ulanyp biler. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlary hem raýatlaryň maglumatlarynyň takyklygyny barlamak üçin, degişli Döwlet sanawyny ýöredijä resmi ýagdaýda ýüz tutup bilerler.
30-njy madda. Statistiki maglumatlary peýdalanmak
1. Merkezi saýlaw topary Döwlet sanawyny dolandyryjy hökmünde saýlaw uçastoklaryny we saýlaw okruglaryny döretmekde, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň beýleki meseleleriniň çözgüdinde Döwlet sanawyndaky saýlawçylarynyň sanyna degişli maglumatlary düzýär we ulanýar. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli saýlaw uçastogy ýa-da degişli dolandyryş-çäk birligi boýunça saýlawçylaryň san aýratynlyklary baradaky statistiki maglumatlary sorap, degişli Döwlet sanawyny ýöredijilere resmi ýagdaýda ýüz tutýarlar. Döwlet sanawyny ýörediji saýlaw toparynyň resmi ýüztutmasynda görkezilen zerur statistiki maglumatlary berýär.
2. Welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň, şeýle hem daşary ýurtlaryň çäklerindäki saýlawçylaryň sany barada maglumatlar geçen ýylyň soňky güni ýagdaýyna görä, her ýylda, saýlawlar we sala salşyklar geçirilýän möwsümde bolsa her aýda Merkezi saýlaw toparynyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär. Maglumatlar Merkezi saýlaw toparynyň resmi saýtynda erkin peýdalanyp bolýan we elýeterli şertlerde saklanýar.
V BAP. ŞU KANUNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN ŞIKAÝAT ETMEK
31-nji madda. Döwlet sanawyny ýöredijiniň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň tertibi
1. Özüni ýa-da maşgala agzalaryny Döwlet sanawyna girizmek, Döwlet sanawyndaky şahsy maglumatlara üýtgetmeler girizmek ýa-da öz ýüztutmasyna jogap almak üçin Döwlet sanawyny ýöredijä ýüz tutan adam hukugy bozulan diýip hasap eden halatynda, Döwlet sanawyny ýöredijiniň çözgütleri, hereketleri ýa-da hereketsizligi barada Döwlet sanawyny dolandyryja şikaýat edip biler.
2. Döwlet sanawyny dolandyryjy şu Kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen degişli edaralaryň gatnaşmagynda şikaýatda beýan edilen maglumatlary barlaýar. Barlagyň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlary şu Kanunda göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy üçin, degişli Döwlet sanawyny ýöredijä iberýär ýa-da ýüz döndermegiň esaslary tassyklanan halatynda, ýüz döndermek üçin esaslaryň doly sanawyny görkezip, şikaýat eden adama ýazmaça jogap iberýär.
32-nji madda. Döwlet sanawynyň edaralarynyň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine kazyýete şikaýat etmegiň umumy tertibi
Özüni ýa-da maşgala agzalaryny Döwlet sanawyna girizmek, Döwlet sanawynyň şahsy maglumatlaryna üýtgetmeler girizmek ýa-da öz ýüztutmasyna jogap almak üçin Döwlet sanawynyň edaralaryna ýüz tutan adam hukugy bozulan diýip hasap eden halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, degişli Döwlet sanawynyň edaralarynyň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine kazyýete şikaýat edip biler.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
33-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
34-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny.