
«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 41-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 151-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda) 15-nji maddasynyň 36-njy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«361) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan bellenen tertipde şahsyň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilendigi ýa-da iş kesilmändigi barada fiziki we ýuridik şahslara kepilnamalary hem-de talapnamalar boýunça maglumatlary bermäge;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny.