
«Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
I. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 82-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 31-nji madda, № 3, 76-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) 15-nji maddasynyň 71-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«72) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän hem-de gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar, ulag serişdeleri we şahslar, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda ulanylýan gümrük gözegçiliginiň görnüşlerini saýlamak üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny döredýär we ulanýar;».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny.