
Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 21-nji madda, № 3, 79-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 3, 74-nji madda, № 4, 90-njy madda) şu goşmaçalary girizmeli:
1) 307-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Töwekgelçilikleri dolandyrmak — Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň we halkara şertnamalarynyň berjaý edilmezligi bilen baglanyşykly wakalaryň bolmagynyň we ol wakalaryň netijesinde mümkin boljak zyýanyň ähtimallygyny iň pes derejä getirmek boýunça gümrük edaralarynyň işi.
Töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy — harytlar, ulag serişdeleri we şahslar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende hem-de gümrük taýdan resmileşdirilende, şeýle hem gümrük maksatlary üçin ulanylýan resminamalar babatda töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we öňüni almak maksady bilen, gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň toplumy.»;
2) 307-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«3071-nji madda. Gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylmagy
1. Gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylmagynyň maksatlary şular bolup durýar:
1) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän we gümrük taýdan resmileşdirilýän harytlar we ulag serişdeleri, şeýle hem şahslar babatda töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek arkaly gümrük gözegçiliginiň netijeliligini üpjün etmek;
2) Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we olary ýüze çykarmak;
3) töwekgelçilikleri iň pes derejä getirmek çärelerini ulanmak zerurlygy ýüze çykarylmadyk harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegini ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek boýunça şertleri döretmek.
2. Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ulanmagyň Strategiýasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy töwekgelçilikleri seljermegiň, olara baha bermegiň, gümrük gözegçiliginiň görnüşini saýlamagyň hem-de işiň has netijeli usullaryny kesgitlemegiň tärlerini özünde jemleýän töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny döredýär we onuň işini maglumat ulgamlaryny we maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly awtomatlaşdyrýar hem-de ony ulanmagyň düzgünlerini belleýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuny.