TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Kanuny

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

1-nji madda. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

4-nji madda. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

5-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda DÜZGÜNNAMA

1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we beýleki ugurlardaky ösüşine halal zähmeti bilen uly goşant goşan adamlary sylaglamak üçin döredilýär.

2. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen:

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, ata Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmekde goşan uly şahsy goşandy üçin;

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan zähmet üstünlikleri we hyzmatlary üçin;

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;

ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

3. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny halkara giňişlikde goldamakda, wagyz etmekde mynasyp goşantlaryny goşan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanylyp bilner.

4. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly burçlarynyň aralygynda Gün şöhlelerini aňladýan altyn çaýylan dürli uzynlykdaky taýajyklar ýerleşdirilen gyrasyna altyn çaýylan sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Sekizburçlugyň ýerligi ýaşyl reňk bilen syrçalanan her burçunda altyn çaýylan milli nagyş ýerleşdirilen. Medalyň umumy diametri 44 mm.

Sekizburçlugyň üstünde diametri 31,9 mm bolan daşky tegelegiň iç ýüzüniň ýokarky böleginde «TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY» diýen ýazgy, aşaky böleginde bäş sany sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilen. Daşky tegelegiň içinde diametri 25,5 mm bolan tegelegiň ýokarsynda «2025» we «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» diýen ýazgylar, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun pudaklarynyň şekili we iki sany göwher daşy ýerleşdirilen. Tegelegiň Ýer şary şekillendirilen merkezi böleginde ýaşyl reňk bilen syrçalanan Türkmenistanyň kartasy, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny aňladýan rim san bilen «XXX» diýen ýazgy, derek agajynyň şekili bilen birleşdirilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy hem-de ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekili ýerleşdirilen.

Ýubileý medaly halkajyklar arkaly ini 30 mm we beýikligi 20 mm bolan baýdak görnüşdäki kolodka birleşdirilen. Ýaşyl reňk syrça örtülen kolodkada bäş sany türkmen haly gölleri, iki sany zeýtun pudagy we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen.

Ýubileý medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňk bilen syrçalanan. Plankanyň merkezinde bäş ýyldyzly ýarym Aý we iki gapdala ýaýrap gidýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun pudaklarynyň şekili ýerleşdirilen.

Plankanyň daşky gyrasyna altyn çaýylýar.

Ýubileý medalynyň plankasynyň ölçegi ini 24 mm we beýikligi 10 mm bolup, ol mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalýar.