TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

N.H.AGAHANOW hakynda

Nazar Halnazarowiç Agahanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Nazar Halnazarowiç AGAHANOW

1989-njy ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2012-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — täjirçilik ulgamy boýunça mahabatçy, menejment.

Zähmet ýoluna 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň myhmanhana toplumynyň “Arçabil” myhmanhanasynda guramaçy wezipesinde işe başlady we onda 2024-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli dürli wezipelerde zähmet çekdi.

2024-2025-nji ýyllarda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygy.

2025-nji ýylyň mart aýyndan bäri söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

M.W.AKMÄMMEDOW hakynda

Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Mämmet Welmämmedowiç AKMÄMMEDOW

1976-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda doguldy. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — ýylylyk energetikasynyň inženeri.

Zähmet ýoluna 1996-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Baş kombinatynda başlady.

1998-nji ýylyň fewral aýyndan awgust aýyna çenli “Türkmendemirýollary” müdirliginiň Büzmeýin stansiýasynyň nobatçysy. 1998-nji ýylyň sentýabr aýyndan 1999-njy ýyla çenli “Gökje” hususy kärhanasynyň ekspeditory.

1999-njy ýylyň fewral aýyndan awgust aýyna çenli Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň mekdep bölüminiň instruktory. 2003-nji ýylyň awgust aýyndan 2006-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli S.A.Nyýazow adyndaky Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda dürli wezipelerde zähmet çekdi.

2006 — 2014-nji ýyllarda Demir ýol ulaglary ministrliginiň demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynda dürli wezipelerde zähmet çekdi.

2014-nji ýylyň mart aýyndan 2018-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýükleri daşamak bölüminde dürli wezipelerde işledi.

2018-2019-njy ýyllarda demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary.

2019-2020-nji ýyllarda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ulaglaryň we logistikanyň ösüşi müdirliginiň başlygy.

2020 — 2024-nji ýyllarda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň iş dolandyryş bölüminiň başlygy — iş dolandyryjysy.

2024-nji ýylyň awgust aýyndan bäri “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

B.M.ANNADURDYÝEW hakynda

Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Begenç Meretgeldiýewiç ANNADURDYÝEW

1978-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 1999-njy ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — boks boýunça tälim beriji mugallym.

2014-nji ýylda Büzmeýin şäher söwda, önümçilik we gurluşyk kärhanasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde zähmet ýoluna başlady hem-de 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli bu kärhanada dürli wezipelerde zähmet çekdi.

2016-2017-nji ýyllar aralygynda “Ak bugdaý” söwda, önümçilik we gurluşyk kärhanasynyň başlygy. 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan 2018-nji ýylyň iýul aýyna çenli Ahal welaýat häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň tehniki gözegçilik bölüminiň müdiri.

2018-nji ýylyň awgust aýyndan 2019-njy ýylyň maý aýyna çenli Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

2019-njy ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýyna çenli Aşgabat şäher häkimliginiň Awtoýollar müdirliginiň Büzmeýin ýol gurluşyk önümleri kärhanasynyň ýerleşdiriş bölüminiň başlygy.

2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň kiçi göwrümli gämiler bölüminiň döwlet inspektory.

2020-2021-nji ýyllarda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň fewral aýyna çenli Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Balkan” sement zawodynyň direktory, Kän müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Balkan” sement zawodynyň direktory.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

SAPBAÝEW D.I. hakynda

Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda

Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmaly.

2. Ýatyrylan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyndaky:

1) «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda, degişlilikde, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini döretmeli;

2) «Türkmenhowaýollary» agentligini we «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini, degişlilikde, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy diýip atlandyrmaly hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli.

3. Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň iki orunbasary, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň üç orunbasary, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň iki orunbasary, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň iki orunbasary bolmaly.

4. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, degişlilikde, işini bes eden «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hukuk oruntutarlary diýip kesgitlemeli.

5. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde:

1) Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hakynda Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini;

2) Şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

M.B.ÇAKYÝEW hakynda

Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

H.Ş.HUDAÝGULYÝEW hakynda

Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

D.R.SABUROW hakynda

Döwran Reimbaýewiç Saburowy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

A.H.ŞANAZAROW hakynda

Azat Hallyýewiç Şanazarowy Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

R.O.IŞANOW hakynda

Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Y.Ý.DÖWLIÝEW hakynda

Ysmaýyl Ýazmuhammedowiç Döwliýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

SAPARBERDIÝEW R.A. hakynda

Saparberdiýew Rahym Annamuhammedowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

D.A.MEREDOW hakynda

Didar Annamämmedowiç Meredowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Ý.T.ÖWEZOW hakynda

Ýakut Täçmyradowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

NURBAÝEW Ş.Ç. hakynda

Nurbaýew Şatgeldi Çäşemowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Ş.E.ANNAÝEW hakynda

Şyhmyrat Esenowiç Annaýewi Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

S.S.MEREDOW hakynda

Serdar Sähetgulyýewiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

M.K.ANNANEPESOW hakynda

Maksat Kowusowiç Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

D.M.GENJIÝEW hakynda

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

B.S.ORAZOW hakynda

Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

D.O.ANNABERDIÝEW hakynda

Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýewi Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly.